BSGG-niň wekiliýetiniň başlygy: «Şu wagta çenli Türkmenistanda COVID-19 hadysasy hasaba alynmady»

  • 15.07.2020 23:16
  • 45k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça hünärmeni, wekiliýetiň başlygy doktor Ketrin Smolwud metbugat beýanatynda şeýle belledi:

"Häzirki wagtda Türkmenistanda COVID-19 hadysasy tassyklanmady".

Şeýle hem, hünärmen sözüniň üstüni ýetirdi:
"Gözegçiliklerimizden ugur alyp, häzirki wagtda ýurt wirusyň abanýan howpundan doly habarly we COVID-19 ýaýramagyna garşy göreşmek üçin çäreleri görýär diýen netijä geldik".
Bu barada Arzuw News habar berýär.
Mundan başga-da, wekiliýetiň başlygy, Türkmenistan hökümetiniň dem alyş ýollarynyň ýokançlygynyň ýaýramagynyň öňüni almak we jemgyýetiň saglygyny goramak, şol sanda köpçülikleýin çärelerde, bazarlarda, dükanlarda we jemgyýetçilik ulaglarynda ýola goýlan güýçlendirilen çärelere hünärmenleriň oňyn baha berýändigini aýtdy.
Şeýle hem şu gün Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň netijeleri boýunça geçirilýän brifing BMG-niň edara binasynda dowam etdi.
Onda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ýokary derejeli hünärmeni, wekiliýetiň başlygy doktor Ketrin Smolwud we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Howply kesellere gözegçilik müdirliginiň başlygy Gurbangül Öwlüýägulowa ýerli we halkara habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň soraglaryna jogap berdiler.
"BBC News"-yň žurnalisti Reýhan Demytriniň Türkmenistanda COVID-19 synaglarynyň sany barada beren soragyna doktor Smolwud şeýle jogap berdi:

"Biz COVID-19 synaglaryny geçirýän Türkmenistanyň Merkezi laboratoriýasy bilen işleşdik we 60 müňden gowrak synag geçirdik".

Şeýle hem, hünärmen sözüniň üstüni ýetirdi: "Laboratoriýada ýokuşma synagyny geçirmek üçin ähli zerur enjamlar we şertler bar".
Çykyşynyň barşynda Doktor Smolwud Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we Daşary işler ministrlikleriniň hünärmenleriň maksada ýetmegi üçin mümkin bolan ähli zady edendiklerini aýtdy.
«Olaryň goldawy bilen biz hassahanalara, saglygy goraýyş merkezlerine, barlaghanalara we üç sany serhet geçelgesine, şol sanda Türkmenbaşydaky halkara deňiz portuna baryp gördük» - diýip, bilermen aýtdy.

11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.7k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.6k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......