Türkmenistana BSGG-den wirus ýokanjyndan goranyş serişdeleri gelip gowuşdy

  • 17.07.2020 14:27
  • 35k+

Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan ynsanperwerlik ýüki gelip gowuşdy. Bu hoşniýetli çäre BSGG-niň Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, hususan-da, maý aýynda tassyklanan ýurdumyzyň ýiti ýokanç keseline garşy göreşmäge hem-de dessin täsir etmek boýunça çäreleri kabul etmäge taýýarlygyny üpjün etmegiň meýilnamasyny goldamagyň çäklerinde ösdürmäge bolan islegi bilen şertlendirilendir.

Ynsanperwer ýükleriň içinde wirus ýokanjyndan goranyş serişdeleri — lukmançylyk örtükleriniň 320 müňüsi, respiratorlaryň 130 müňüsi, ýüz örtükleriniň 88 müňden gowragy, äýnekleriň 18 müňden gowragy hem-de halatlaryň 12 müňden gowragy bar. Bu serişdeler ýiti pnewmoniýany döredýän ýokanç keselden goranmak üçin zerurlygyň ýüze çykan halatynda hünärmenleriň peýdalanmagy üçin lukmançylyk edaralaryna gowşurylar hem-de paýlanylar.
Halkara ynsanperwerlik ýüküniň ýany bilen gelen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekiliniň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýä halklarynyň arasynda ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi aýratyn möhüm bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň pandemiýa garşy göreşmekde tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, özüniň hem döwletleriň birnäçesine ýardam edýändigi bellenildi.

25.06.2026 12:37
6.9k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.5k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....