PÝGG: durmak we säginmek kadalaryny bozan sürüjiler täze usulda jogapkärçilige çekiler

  • 21.08.2020 21:54
  • 53k+

Şu ýylyň awgust aýynyň başyndan PÝGG-niň işgärleri durmak we säginmek kadalaryny bozan sürüjileri foto we wideo ýazgy edýän serişdeleriň üsti bilen bellige alyp başladylar. Bu barada Türkmenistanyň IIM-niň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirligi habar berýär. Bu kadalary bozan sürüjiler Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 534-nji maddasynyň 4-nji bölegine laýyklykda, degişli jogapkärçilige çekiler.

Indiden beýläk, ýurdymyzda ýol hereketiniň, ýangyn we jemgyýetçilik tertibiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen. köp gatly ýaşaýyş toplumlarynda, köçelerde, dynç alyş ýerlerinde hem-de beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri durmak we säginmek kadalaryny bozan sürüjileri fotosurata düşürip, ýüze çykarylan hukuk bozulmalary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda elektron resminama görnüşinde resmileşdirip, ulag serişdeleriniň eýelerine (eýelik edijilerine) degişli jerimeler bellenilýär.
Şu çäreler hukuk bozulmalary duýdurmak, bellenilen kadalary takyk we gyşarnyksyz berjaý etmek, beýleki ýol hereketiniň gatnaşyjylarynyň hukuklaryny hormatlamak hem-de sürüjileri jemgyýetiň öňünde jogapkärçiligini duýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen amala aşyrylýar, şeýle hem köp gatly ýaşaýyş toplumlarynda awtoduralgalary gurmak bilen bagly bolan meseleler boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirligine ýüz tutmak maslahat berilýär.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

20.02.2026 18:51
4.2k+

YNAM! YHLAS! ÝEŇIŞ!.. TMBIZ-de sowgatly ýaryşyň 1-nji tapgyry jemlendi

«Ýagşy ýetsin myrada, ýaman galsyn uýada, olam galyp näm boljak, olam ýetsin myrada». Halk ertekileriniň käbirleriniň soňundaky bu jümleler köplere tanyş bolsa gerek. Ine-de, köpler üçin erteki bolup görnen, ýöne, ertekileri hakykata öwren Mega ýaryş tamamlandy...

19.02.2026 14:25
5.7k+

«Mukaddes behişt ýoly» HK Oraza aýynda umra zyýaratlaryny gurnap berýär

Gelşi bilen güldüren, Kalba huzur dolduran, Ynsanlygy bildiren, Remezan geldi, Remezan. Säherde galkyň ynsanlar, Hatym ediň Kuranlar, “Eý, wah” diýsin şeýtanlar, Remezan geldi, Remezan. Gaflat aýy däldir bu, Öýke aýam däldir bu, Rahmet aýy diýmek bu, Remezan geldi, Remezan...

19.02.2026 09:44
1.7k+

Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde täze şowhunly tomaşa görkezilýär

Dynç güni — bu diňe bir iş günleriniň arasyndaky arakesme däl. Bu adaty durmuşyň depgininden çykyp, özüňize we ýakynlaryňyza ýatdan çykmajak duýgulary peşgeş bermek üçin gowy mümkinçilikdir. Arkadag şäherinde şeýle pursatlary peşgeş berýär ýerleriň biri hem Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkidir...

16.02.2026 09:59
10k+

29 gradusa çenli maýyllyk hem-de ýagyşlar: hepdelik howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar...