PÝGG-niň müdiri ulag serişdelerini dolandyrmak hukugyny çäklendirmegiň tertibini düşündirdi

  • 10.08.2020 17:25
  • 51k+

Ilat üçin oňyn şertleri döretmek we ýurtda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky» Kodeksine üýtgemeler hem-de goşmaçalar girizildi we şonuň esasynda PÝGG-niň administratiw işlere seredýän toparlary ýatyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň müdiri G.Kakajikow Turkmenportalyň redaksiýasy bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda polisiýanyň maýory G.Kakajikowyň bellemegine görä, häzirki wagtda ýokardaky agzalan Kodekse laýyklykda, ulag serişdelerini dolandyrmak hukugyndan çäklendirmek görnüşindäki jogapkärçilik diňe kazylar tarapyndan bellenilýär, gaýtadan synaga ibermek diňe ulag serişdelerini serhoş ýagdaýda dolandyrandygy üçin çäklendirilen sürüjiler babatda ulanylýar, şeýle-de ýörite hukukdan çäklendirmek käbir bidüzgünçilikli hereketler üçin göz öňünde tutulýar.
Beýleki hukuk bozulmalar üçin wakanyň bolan ýerinde sürüjilere jerime salmak hakynda kararlary gowşurmaga degişlidir, hukuk bozujylar salynan jerimeleri bellenilen tertipde töläp, sürüjilik şahadatnamalaryny olary saklan PÝGG-nyň işgärlerinden yzyna alyp bilýär.
Şeýle hem bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirligi sürüjilerden gelýän Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly bolan teklipleri we maslahatlary pygm@online.tm salga ibermekligi haýyş edýär.

Ulag serişdeleri dolandyrmak hukugyndan çäklendirmek göz öňünde tutulan hukuk bozulmalaryň sanawy

212-nji madda. Hasaba we bellige alyş kadalarynyň bozulmagy

3. Galp döwlet bellige alnyş nyşanlary bolan ýa-da döwlet bellige alnyş nyşanlary görnetin aýrylan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy - binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň alty aýa çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

214-nji madda. Ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan hereket tizliginiň artdyrylmagy

4. Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 50 kilometrden ýokary artdyrylmagy ‒

binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň üç aýdan alty aýa çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

217-nji madda. Ulag serişdeleriniň ýol hereketine päsgelçilik döremegine ýa-da heläkçilikli ýagdaýyň emele gelmegine getirýän toparlaýyn hereket edilmegi

Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan ýollarda, şeýle hem şäherlerde we beýleki ilatly ýerlerde toparlaýyn (iki we şondan köp) hereket edilmegine gatnaşyp (şol sanda toý we beýleki dabaralar geçirilende), onuň ýol hereketine päsgelçiligiň ýa-da heläkçilikli ýagdaýyň döremegine getirmegi –

binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň alty aýdan bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

222-nji madda. Serhoş ýagdaýda ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy ýa-da olary serhoş ýagdaýdaky adama dolandyrmaga rugsat edilmegi

1. Sürüjileriň ulag serişdelerini serhoş ýagdaýda dolandyrmagy -

ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň alty aýdan bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmi çäresini ýerine ýetiren adam tarapyndan olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

ulag serişdelerini dolandyrmak hukugyny bir ýyldan iki ýyla çenli möhlete çäklendirip, on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

229-njy madda. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ygtyýarly işgärleriniň ulag serişdelerini duruzyp saklamak hakynda kanuny talabyny sürüjileriň ýerine ýetirmezligi, ýol-ulag hadysasynyň bolan ýerini taşlap gitmegi we gözden geçirişden geçmekden boýun gaçyrmagy

1. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň ulag serişdelerini duruzyp saklamak, ulag serişdelerini dolandyrmakdan çetleşdirmek hakynda kanuny talabyny sürüjileriň ýerine ýetirmezligi, şeýle hem ýol-ulag hadysasyna gatnaşanlaryň bellenilen kadalary bozup, hadysanyň bolan ýerini taşlap gitmegi -

binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň bir ýyldan iki ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine, şol serişdeleri dolandyrmak hukugy bolmadyk adamlara binýatlyk mukdaryň dördüsinden altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

2. Serhoşlygy barada güman etmäge ýeterlik esas bolan halatynda ulag serişdesini dolandyrýan adamyň bellenilen tertipde degişli lukmançylyk barlagyndan geçmekden boýun gaçyrmagy -

binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň bir ýyldan iki ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine, şol serişdeleri dolandyrmak hukugy bolmadyk adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisinden ýedisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

230-njy madda. Ýol hereketiniň kadalary bozulyp, onuň heläkçilik çekeniň synasyna şikes ýa-da maddy taýdan düýpli zyýan ýetirmegine getirmegi

1. Ulag serişdelerini dolandyrýan adamlaryň Ýol hereketiniň kadalaryny bozmagy, eger bu jebir çekeniň synasyna ýeňil şikes ýetirilmegine ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli bolan möçberde maddy zyýan ýetirmegine getiren bolsa, -

binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary, eger olar jebir çekeniň synasyna ortaça agyrlykda şikes ýetirilmegine ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde maddy zyýan ýetirmegine getiren bolsa, -

binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň iki ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

2321-nji madda. Ýol hereketiniň kadalarynyň fiziki şahslar tarapyndan gaýtadan bozulmagy

Şu Kodeksiň 211-nji maddasynyň üçünji böleginde, 212-nji maddasynyň ikinji böleginde, 213-nji maddasynda, 214-nji maddasynyň üçünji böleginde, 2141-nji maddasynyň ikinji böleginde, 215-nji, 218-nji maddalarynda, 219-njy maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde, 221-nji maddasynda, 223-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde, 226-njy maddasynda, 237-nji maddasynyň dördünji böleginde, 243-nji maddasynyň üçünji böleginde we 2431-nji maddasynda göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin on gezek administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň alty aýyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň alty aýa çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

235-nji madda. Ulag serişdeleriniň, maşynlaryň ýa-da mehanizmleriň saklanyş we peýdalanyş kadalarynyň bozulmagy

2. Kärhanalara, edaralara, guramalara degişli ulag serişdeleriniň, maşynlaryň ýa-da mehanizmleriň betnebisli maksatlar üçin baş-başdak peýdalanylmagy -

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara – ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna, ulag serişdelerini dolandyrýan adamlara binýatlyk mukdaryň ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

düýn 15:06
1.1k+

Lexicon iňlis dili platformasynyň iPhone üçin mobil goşundysy çykdy

Iňlis dilini öwrenýänler, çagalaryna iňlis dilini öwretmek isleýänler üçin Lexicon platformasynyň iPhone üçin mobil goşundysy - App Store-da elýeterli boldy. Mobil goşundyny iOS ulgamy üçin şu ýerden ýükläp bilersiňiz...

29.11.2025 19:08
111k+

“ADAT Täze ýyl harytlary” dükanynda ähli harytlara uly arzanlaşyk dowam edýär

Aşgabatda A.Annaýew köçesiniň ugrunda (Ostrowskiý) ýerleşýän “ADAT Täze ýyl harytlary” dükanynda ähli harytlara uly arzanlaşyk yglan edildi. Dükanda: dürli ölçeglerde we reňklerde Täze ýyl arçalary; arça şahalaryndan döredilen bezegler (täze ýyl gapy bezegleri, arça gozalary, asma bezegler we ş...

27.11.2025 15:52
12k+

Täze açylan “Dost Elektronika” dükany öý hojalyk tehnikalaryna arzanlaşyk yglan etdi we peç sowgat berýär

Aşgabatda “Gurtly” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän “DOST ELEKTRONIKA” dükany dürli brendleriň hojalyk tehnikalaryny amatly bahadan hödürleýär we 1-nji ýanwara çenli harytlaryna 20% arzanlaşyk yglen etdi. Şeýle hem dükandan 2 zat alan müşderä 1 peç sowgat berilýär...

27.11.2025 14:58
6.2k+

“Akgaýa” söwda merkezinden ähli harytlaryny 36 aý garaşaryna satyn alyp bolýar

Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy bolan “Akgaýa” harytlaryny 36 aý garaşaryna berip başlady. Söwda merkezinde gurluşyk harytlary, elektrik enjamlary, santehniki enjamlar, çyralar, gurallar, gapylar, mebeller, hojalyk tehnikalary, boýaglar, sport enjamlary, ownuk şaýlary, dekor we bakja enjamlary, pol we plitka örtükleri bar...