Russiýa dünýäde ilkinji bolup koronawirusa garşy sanjymy bellige aldy

  • 12.08.2020 09:38
  • 16k+

Dünýäde ilkinji koronawirus sanjymy Russiýada hasaba alyndy. Bu barada Wladimir Putin aýtdy. Onuň pikiriçe, bu sanjym netijeli we durnukly immuniteti emele getirýär. Bu barada Euronews habar berýär.

Russiýanyň Prezidenti öz gyzlaryndan biriniň bu sanjymy eýýäm synagdan geçirendigini aýtdy. Ilkinji sanjymdan soň onuň temperaturasy 38 dereje ýokarlanypdyr, ertesi gün bolsa 37-ä düşüpdir.

"Ikinji sanjymdan soň, ikinji öňüni alyş sanjymyndan soň hem temperatura birneme ýokarlandy, ýöne soň hemme zat düzelip gitdi, ol indi özüni gowy duýýar" - diýip, Putin aýtdy.

Saglygy goraýyş ministrliginiň baştutany Mihail Muraşko sanjymyň Gamaleýa merkezi hem-de Binnopharm kompaniýasy tarapyndan öndüriljekdigini habar berdi. Häkimiýetler sanjymyň köpçülikleýin öndürilişiniň ýakyn wagtda başlanmagyna garaşýarlar.
Russiýadaky häzirki wagta çenli, takmynan, 900 müň adama koronawirus ýokuşdy, şolardan 15 müňden gowrak adam ýogaldy, 703 müň adam bolsa gutuldy.
Daşary ýurtly alymlar hem koronawirusa garşy sanjymyň üstünde çynlakaý işleýärler. Amerikan kompaniýasy Moderna ýylyň ahyryna çenli sanjymyny hödürlemegi wada berdi. Häzir onuň synagyna 30 müň adam gatnaşýar. Italiýaly hünärmenler bilen hyzmatdaşlyk edýän Oksford uniwersitetiniň alymlary hem öz sanjymyny 2021-nji ýyla çenli tamamlamaga çalyşýarlar. Ýene bir sanjymy SANOFI fransuz kompaniýasy GSK iňlis kompaniýasy bilen bilelikde taýýarlaýar.

düýn 11:31
3.2k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......