Beýik Britaniýa Sanofi bilen GSK-den COVID-19-a garşy sanjymyň 60 million dozasyny satyn alar

  • 30.07.2020 20:13
  • 17k+

Beýik Britaniýa Sanofi fransuz farmakologik korporasiýasynyň hem-de GSK (GlaxoSmithKline) britan kompaniýasynyň taýýarlanýan koronawirusa garşy sanjym bilen üpjün etmek barada şertnama baglanyşdy. Euronews agentliginiň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň 60 million doza sanjym alar. Farmakologik kompaniýalaryň ikisi hem kliniki synaglara şu ýylyň sentýabrynda başlamagy we harydy satuwa 2021-nji ýylyň birinji ýarymýyllygynda çykarmagy meýilleşdirýär. Sanjym häzirki wagtda dümewe garşy sanjymy döretmekde ulanylýan DNK-ny rekombinirlemek tehnologiýasynda esaslandyryldy.

Beýik Britaniýada Sanofini dolandyryjy müdir Hýugo Fraý şeýle belleýär:

«Biz Sanofi hem-de GSK-nyň arasyndaky anyk hyzmatdaşlyk barada diňe beýleki sanjymlary döretmekde peýdalanylýan barlanan tehnologiýany ulanýandygymyzy aýdyp bilýäris. COVID-19-a garşy beýleki sanjymlaryň synag tapgyrynda biraz öňe gidendikleriniň zyýany ýok, biziň tehnologiýamyz barlanylan we biziň ol barada düşünjämiz bar. Biz ony ulanmak bilen önümçiligi ýokarlandyrjakdygymyzy bilýäris”.

Şol bir wagtda Ýewrokomissiýa Gilead Sciences biofarmaseptik kompaniýasy bilen awgust aýyndan Ýewropa Bileleşiginiň agza-ýurtlaryny “Remdesiwira” söwda belgisiniň “Wekluri” serişdesi bilen üpjün etmek barada şertnama gol çekdi. Dermanyň birinji tapgyry, takmynan, agyr alamatly 30 müň syrkawyň bejerilmegini üpjün eder we bu Ýewropakomissiýa 63 million ýewro düşer.

düýn 12:08
4.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......