Twitter «TikTok» bilen birleşmek ugrunda gepleşikleri geçirýär

  • 10.08.2020 23:39
  • 3.7k+

«Twitter» özüniň mikroblog hyzmatyny Hytaýyň ByteDance kompaniýasynyň eýeçiligindäki “TikTok” sosial ulgamy bilen birleşdirmek mümkinçiligi barada deslapky gepleşikler geçirdi. Bu barada "The Wall Street Journal" gazetine salgylanyp, TASS habar berdi.

Onuň çeşmelerine görä, "Twitter" bu sosial ulgamyň diňe amerikan segmenti bilen gyzyklanýar. “TikTok”-yň bahasy onlarça milliard dollar bolup biler, muňa bolsa amerikan kompaniýasynyň gurbunyň ýetmezligi-de mümkin. Sebäbi “Twitter”-iň bazar kapitalizasiýasy 29 milliard dollara golaýdyr.
"Twitteriň" gepleşikleri gutarnykly alyp barmaga we beýleki garşydaşlary bilen bäsleşmäge taýýarlygy barada gazetde hiç hili maglumat ýok. Sosial ulgamyň bir bölegini almak üçin bu kompaniýa uly hyzmatdaşlara mätäç bolar.
Penşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň "TikTok" sosial ulgamyna we "WeChat" habarlaşmasynyň ABŞ-nyň milli howpsuzlygyna döredýän howpy barada iki karara gol çekendigi habar berlipdi, bu bolsa olaryň eýeleri - Hytaýyň "ByteDance" we "Tencent" kompaniýalary bilen islendik geleşikleriň gadagan edilmegine sebäp bolýar. Resmi habara görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň administrasiýasynyň sosial ulgamdan gorkusy onuň ýolbaşçylygynyň propaganda bilen meşgullanýandygy we ulanyjy maglumatlaryny Hytaýyň häkimiýetlerine geçirýändigi bilen baglanyşykly. Gadaganlyklar kararlar çap edilenden 45 gün soň — sentýabryň ahyrynda güýje girýär.
Sosial ulgamyň Amerikan segmenti üçin "Twittere" esasy bäsdeş "Microsoft" korporasiýasydyr.

düýn 09:56
3.3k+

Sony boýna dakylýan «şahsy kondisioneri» tanyşdyrdy

Sony kompaniýasy bedeni sowatmak üçin niýetlenen, boýna dakylýan we daşky gurşawa görä temperaturany öz-özünden sazlaýan «Reon Pocket Pro Plus» atly täze nesil ykjam kondisionerini tanyşdyrdy....

15.05.2026 10:46
1.5k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

14.05.2026 14:53
2.1k+

Motorola Swarovski kristallary bilen bezelen smartfon bilen gulaklyk hödürleýär

Motorola kompaniýasy Swarovski kristallary bilen bezelen «Brilliant Collection» atly premium enjamlar toplumyny resmi taýdan hödürledi. Bu ýörite topluma Swarovski kristallary bilen bezelen «Motorola......

14.05.2026 14:48
2k+

Casio «Ýyldyz söweşleriniň» stilinde täze sagatlaryny hödürledi

Casio kompaniýasy «Ýyldyz söweşleri» äleminiň muşdaklary üçin täze sagatlar toplumyny hödürledi. Oňa G-Shock we Baby-G modelleriniň binýadynda döredilen iki model girdi. Sagatlar «Ýyldyz söweşleri» äleminiň......