Maşyny yssy howada nädip goramaly?

  • 07.08.2020 15:18
  • 24k+

Yssy howada maşynyň üstüni tutuş örtüp, ony "ýyladyşhana" öwürmegiň manysy ýok. Awtoulagy aşa gyzmakdan nädip halas edip boljakdygyny awtoulag hünärmeni - "Club 4x4" žurnalynyň baş redaktory Maksim Rakitin Sputnik radiosyna gürrüň berdi diýip, RIA Nowosti agentligi ýazýar.

Yssyda maşynlaryň reňkiniň "solýandygy" baradaky gürrüň - bolmajak zat, toslama. Ýöne gyzgyndan plastmassa zyýan ýetip biler, şonuň üçin ony örteniňden gowusy ýokdur diýip, Maksim Rakitin aýdýar. Awtoulag hünärmeni Sputnik radiosyna beren interwýusynda ýene bir uly kynçylyk hökmünde awtoulagyň içinden gyzmagyny belleýär:

"Mysal üçin, ol ýerde çakmak ýatan bolsa, onuň ýarylmagy gaty ähtimal. Mundan başga-da, gyzgyn ulaga gireniňizde, özüňizi erbet duýmagyňyz mümkin. Her bir adam ýylylygy başgaça kabul edýär we 35 gradus yssyda duran awtoulagyň içindäki temperatura, reňkine baglylykda, 70-80 derejä ýetip biler".

Gara salon, materialyna seretmezden, açyk salona garanyňda has çalt gyzar. Bu barada hünärmen şeýle diýýär:

"Munda materiallaryň parhy ýok, deri birneme gyzýar diýmeseň. Bularyň hemmesi salonyň reňkine bagly. Salon gara bolsa, materialyna garamazdan, oturgyç çalt gyzar". Maksim Rakitin awtoulagy aşa gyzmakdan nädip gorap boljakdygyny aýtdy.

"Çygly esgi - öňden gelýän usul, tutuş maşyny örtmegiň bolsa manysy ýok, beýtseňiz diňe awtoulagyň içini "peje" dönderersiňiz. Haçan-da doly ýagjagy belli bolnanda, metala zeper ýetmez ýaly, awtoulagy tutuş ýapmak bolar. Awtoulagy göni düşýän Gün şöhlesinden goramagyň iň arzan, ýönekeý we düşnükli usuly - Güne garşy ýagtylyk serpikdiriji ekrandyr" - diýip, awtoulag hünärmeni maslahat berýär.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

şu gün 12:31
963

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

şu gün 09:36
1.8k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

düýn 08:19
2.1k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

düýn 01:38
6.3k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......