Türkmenistan COVID-19-a garşy göreşi güýçlendirýär

  • 09.07.2020 11:41
  • 27k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi COVID-19-yň öňüni almak, eýeçiligine garamazdan ähli edaralarda sanitariýa we arassaçylyk çärelerini geçirmek boýunça täzelenen gollanma paýlady. ORIENT-iň habaryna görä, bu gollanma Türkmenistanda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak üçin döredildi.
Gollanmada sanitariýa we arassaçylyk işleriniň ýerine ýetirilişi, dezinfeksiýa etmegiň usullary, şahsy we köpçülikleýin epidemiologiki gorag, lukmançylyk edaralarynyň we hyzmat ediş kärhanalarynyň işgärleriniň özüni alyp barşy barada jikme-jik görkezmeler berilýär. Mysal üçin, gollanmada köpçülik ýerlerinde we jemgyýetçilik ulaglarynda dezinfeksiýa etmegiň usullary beýan edilýär.

Ýadymyzda bolsa, ýakynda TmCars Habarlar Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hünärmenlerinden ybarat toparyň ýurtdaky epidemiologiki ýagdaýa baha bermek we COVID-19-dan goranmak çärelerini gowulandyrmak boýunça teklipleri bermek üçin Türkmenistana gelendigini habar beripdi.

şu gün 11:05
2.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.6k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......