BSGG-niň wekiliýeti Türkmenistanda

  • 07.07.2020 10:35
  • 27k+

Düýn agşam «Türkmenhowaýollarynyň» ýörite uçary Bombardier Challenger 605 bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekiliýeti Maýn boýundaky Frankfurtdan Türkmenabadyň halkara howa menziline geldi.
5 adamdan ybarat wekiliýet Türkmenistanda 10 günlük saparda bolar. BSGG-niň wekiliýeti Türkmenistana gelip, milli we ýerli häkimiýetler bilen «COVID-19» ýokanjyna garşy taýýarlygyň dürli taraplary boýunça bilelikde iş alyp barar. Bu iş utgaşdyrmak we gözegçilik ulgamlary, epidemiologiýa we epidemiologiki gözegçilik, laboratoriýa hyzmatlary, hassalara gözegçilik, ýokanç keselleriň öňüni almak we ýokaşma gözegçilikleri ýaly ugurlara, şeýle hem wirusyň töwekgelçilikleri barada halkyň içinde edilýän wagyz ediş işlerine gönükdirilendir.
Wekiliýetiň maksady töwekgelçiliklere baha bermek we «COVID-19-a» gözegçilik etmek üçin zerur bolan ulgamlaryny ösdürmek üçin ýokary derejeli döwlet işgärleri we saglygy goraýyş hünärmenleri bilen birnäçe duşuşygy geçirmegi öz içine alýar. Şeýle hem milli, sebit we şäher derejesindäki lukmançylyk edaralaryna, jemgyýetçilik saglyk merkezlerine, barlaghanalara we beýleki edaralara baryp görmegi meýilleşdirilýär.
Belläp geçsek, bu sapar BSGG-niň Ýewropa sebitindäki ýurtlara berýän ýöriteleşdirilen goldawynyň bir bölegidir. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy soňky aýlarda «COVID-19» ýokanjyna garşy göreşmek maksady bilen sebitiň dürli ýurtlaryna 70 töweregi wekiliýet iberdi.
Belläp geçsek, häzirki wagta çenli Türkmenistanyň çäginde COVID-19 ýokanjynyň ýeke ýagdaýy hem hasaba alynmady.

Şu salgydan BSGG-niň Ýewropa sebit býurosynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ýokary derejeli hünärmeni, BSGG-niň Türkmenistandaky “COVID-19” wekiliýetiniň başlygy Katrin Smolwud bilen bolan söhbetdeşligi okap bilersiňiz.

şu gün 19:20
26

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

şu gün 19:11
113

«Türkmentelekom» edara-kärhanalara wirtual Call-center hyzmatlaryny hödürleýär

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy döwlet we hususy guramalara ýüz tutmalary kabul etmek hem-de müşderiler bilen özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen Call-center......

şu gün 19:04
271

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

şu gün 18:58
180

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....