«Türkmentelekom» edara-kärhanalara wirtual Call-center hyzmatlaryny hödürleýär

  • şu gün 19:11
  • 853

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy döwlet we hususy guramalara ýüz tutmalary kabul etmek hem-de müşderiler bilen özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen Call-center hyzmatyny hödürleýär.

Ulanyjylar üçin üç sany nyrh bukjasy elýeterlidir: «Start», «Biznes» we «Premium». Olar operatorlaryň sany we wirtual ATS-iň funksiýalar toplumy boýunça biri-birinden tapawutlanýar. Bu bolsa edaranyň zerurlyklaryna görä iň amatly görnüşi saýlamaga mümkinçilik berýär.

Hyzmat bir belgä şol bir wagtyň özünde birnäçe girýän jaňy kabul etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de, ol müşderilere awtomatik jogap bermegi, jaňlary degişli işgärlere we bölümlere ugrukdyrmagy, gepleşikleri ýazgy etmegi, sesli poçtany we ýüz tutmalary awtomatlaşdyrmak üçin interaktiw sesli menýuny (IVR) öz içine alýar. Hyzmat hatda telefon liniýalaryna düşýän ýük ýokary we ýüz tutmalaryň sany köp bolan ýagdaýynda-da, müşderileriň jaňyny goýbermezlige we olary jogapsyz galdyrmazlyga kömek edýär.

Saýlanan nyrh bukjalaryna baglylykda, guramalar jaňlary dolandyrmagyň dürli mümkinçiliklerine — Call-center-iň başlangyç sazlamalaryndan başlap, köp derejeli sesli menýu we köpeldilen operator sany bilen giňeldilen funksionala eýe bolýar.

Bu hyzmat müşderilere hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmaga, aragatnaşygy ýeňilleşdirmäge we telefon liniýalarynyň işini optimizirlemäge ýardam edýär.

Hyzmatdaşlygyň şertleri we nyrhlaryň mümkinçilikleri barada has giňişleýin maglumaty kompaniýanyň resmi saýtyndan tapyp bilersiňiz.


şu gün 19:04
1.2k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

düýn 23:12
3.1k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
5.1k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.5k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....