Ýapon alymlary täze periodik tablisany hödürlediler

  • 31.05.2020 23:00
  • 6.5k+

Kiotsk uniwersitetiniň barlagçylary elementleriň täze periodik tablisasyny hödürlediler, munda protonlaryň ýadrodaky özüni alyp barşy esas hökmünde alyndy. Nucletouch adyny alan bu tablisa “Foundations of Chemistry” žurnalynda beýan edildi, bu barada profile.ru habar berýär.
Ýadronyň gurluşynyň teoriýasyna laýyklykda, onuň gurluşy elektronlar bilen doldurylan atom örtügi ýaly neýtronlar we protonlardan ybarat nuklon örtügi görnüşinde görkezilýär. Alymlar Mendeleýewiň periodik tablisasynyň hem atomlarda elektron orbitallaryň örtük gurluşynda esaslandyrylandygyny belläp geçdiler.
“Ýöne atomlar her bir elementi kesgitleýän zarýadlanan bölejikleriň iki görnüşinden durýar, ýagny ýadronyň töwereginde aýlanýan ýadrolar we ýadronyň özündäki protonlar” – diýip, fizikler belleýär.
Alymlar başlangyç hökmünde proton örtükleri bilen doldurylan ýadrolaryň sanawyny aldylar. Bu geliý, kislorod, kalsiý, nikel, galaýy, gurşun we flerow elementi. Olaryň ýadrolaryndaky protonlaryň sany degişlilikde, 2, 8, 20, 28, 50, 82 we 144-e deň bolýar. Bu sanlary olaryň ýadrolara berýän aýratyn durnuklylygy üçin “jadyly” diýip atlandyrýarlar.
Şeýle-de, fizikler bu sanawa 40 protonly sirkoniýni hem girizdiler. Onuň ýarym örtügi tutuş doldurylan, şonuň üçin ol hem durnukly. Bu sekiz elementi ekspertler Mendeleýewiň tablisasyndaky inert gazlaryň sütünine meňzeş bir sütünde ýerleşdirdiler. Şu sütüniň esasynda olar sekiz setirden ybarat tablisany döretdiler. Birinji setirde geliý bilen soňky proton örtügi geliýniňkä meňzeş bolan ýeke-täk element wodorod ýerleşdirildi. Ikinji setire 1p görnüşli soňky proton örtükli elementler düşdi: litiý, berilliý, bor, uglerod, azot we kislorod. Awtorlar elementleri çepden saga örtügi doldurma tertibinde ýerleşdirdiler. Tablisanyň beýleki sütünleri hem şeýle usul bilen dolduryldy. Onda sütünleriň sany dürli-dürli boldy, sebäbi ol ýa-da beýleki görnüşli örtüge/ýarym örtüge protonlaryň dürli sany ýerleşýär.
Ýöne soňky dokuzynjy setir kadadan çykma boldy. Bu setir Mendeleýewiň tablisasynyň ýaňy-ýakynda açylan iň agyr dört elementinden, ýagny moskowiýden, liwermoriýden, tennessinden we oganesondan ybarat. Bu ýadrolar örän durnuksyz, olar diňe birnäçe sekunt ýaşaýarlar.

düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:53
4.9k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......