«Apple» Inteliň modem biznesini resmi taýdan satyn aldy

  • 04.12.2019 13:49
  • 2.4k+

Apple kompaniýasy Intel-iň modem biznesini satyn alandygy barada habar berdi. Şertnamanyň bahasy 1 milliard dollar.
Kompaniýanyň ştaty 2200 adama çenli giňeler. Munuň bilen birlikde, Apple intellektual emläge, enjamlara we Inteliň meýdançasyna eýe bolar.
Häzirki wagtda Intelde mobil modemleri bilen baglanyşykly 17 müň patentiň bardygy habar berilýär. Olar aragatnaşyk teswirnamalarynyň standartyna, çipleriň arhitekturalaryna, şeýle-de modemleriň özüne degişli bolup durýar.
Intel kompaniýasy bolsa modemleriň işlenip taýýarlanylyşy bilen meşgullanmagyny dowam etdirer, ýöne ol smartfonlaryň territoriýasyna goşulyp bilmeýär. Ýagny ol kompýuterler, awtomobiller we internet üçin modemleri öndürer, Intel-iň wekilleri ylalaşygyň başga bir soraglary fokusirlemäge kömek etjekdigini belleýärler:
“Bu ylalaşyk biziň toparymyz tarapyndan döredilen intellektual emlägi we modemleriň tehnologiýasyny saklamak bilen, bize 5G-ulgamlary üçin tehnologiýalary işläp taýýarlamakda ünsi jemlemäge mümkinçilik berer”.
Apple kompaniýasyna bu näme üçin gerek?
Apple şeýle ýörelge boýunça işleýär “Gowy etmek isleseň – muny özüň et”. Esasanam, möhüm toplumlara degişli bolan soraglarda. Meselem, prosessorlara. Bu modemlere-de degişli. Apple köp sebäplere görä üpjün edijilere bagly bolasy gelmeýär. Bu, ilkinji nobatda, 5G ulgamlarda işleýän modemlere degişli.
Apple birnäçe ýyl Qualcomm modemlerini ulanýardy. Ýöne bir gün kompaniýalar roýaltiniň möçberiniň üstünde tersleşýärler. Şol sebäpli Apple modemler bilen täze üpjün edijini gözlemeli bolýar. Ol hem Intel kompaniýasy bolýar. Onuň hususy taýýarlaýyş işleri bardy, ýöne mobil modem biznesinde tejribesi ýeterlik däldi. Netijede, aýfonlardaky 2018-nji ýylda görkezilen modemler Qualcomm modemleri ýaly çalt işlänokdy.
Apple kompaniýasyna 2020-nji ýyla çenli Inteliň 5G modemlerini bolmaly mukdarynda taýýarlap ýetişmeýändigi ýaramaýar. Ahyrynda Apple kyn ädim ätleýär: Qualcomm bilen ýaraşýar we ähli bahany tölejekdigine söz berýär.
Indi bolsa ýene bir agyr ädimi ätledi: Intel modem biznesini satyn aldy. Şertnama baradaky gürrüňler 2018-nji ýyldan bäri dowam edýärdi.
Apple we Intel şertnamany 2019-njy ýylyň ahyryna çenli ýapmagy göz öňünde tutýarlar.
2020-nji ýylda 5G-torlarda işleýän aýfonlar çykar, ýöne bu Qualcomm modemleri bolar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......