Aşgabatdaky "Daşkent" seýilgähi dabaraly ýagdaýda açyldy

  • 22.10.2022 00:24
  • 27365
Aşgabatdaky "Daşkent" seýilgähi dabaraly ýagdaýda açyldy

21-nji oktýabrda ýurdumyzda resmi saparda bolýan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde Aşgabatda gurlan «Daşkent» medeni dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy".

"Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew «Daşkent» medeni dynç alyş seýilgähiniň toý bagyny kesdiler. Şeýlelikde, seýilgäh resmi taýdan açyldy" diýip, "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri ýazýar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Zehinli iş» hojalyk jemgyýeti tarapyndan paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurlan «Daşkent» seýilgähi türkmen we özbek halklarynyň dostlugynyň, agzybirliginiň, medeni taýdan ýakynlygynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. 30 müň inedördül metre uzaýan giňişlikde özbek paýtagtynyň gözel künjeklerini «Aşgabatda jemleýän» desgalaryň 20-den gowragy bar. Olaryň daş-töweregi gür baglyga bürelipdir. Seýilgähiň girelgesinde «Ezgulik» binasy myhmanlara gujak açýar. Dostlukly ýurtda bu bina ýagşy we asylly işleriň nyşany hökmünde garalyp, ol Garaşsyzlyk meýdançasynyň girelgesini bezeýär.
Seýilgähiň çäginde ululy-kiçili suw çüwdürimleri, medeni-köpçülik çärelerini geçirmek üçin ýörite meýdança bolup, olar özbek milli nagyşlarydyr şekilleri bilen bezelipdir. Şunda kesişýän gönüburçluklaryň we sekizburçly ýyldyzyň şekilleriniň seýilgähiň çäginde köp desgalarda ulanylandygyny aýtmak gerek. 100-e çenli adamy kabul edip bilýän iki gatly çaýhananyň öňünde seýilgähiň özboluşly desgasy — çäýnek bilen käsäniň şekilindäki suw çüwdürimi ýerleşýär. Bu künjek diňe bir meşhur özbek aşhanasynyň tagamlary bilen däl, eýsem, seýilgähiň Daşkendiň täsin arhitektura desgasy hasaplanýan telewizion diňi görnüp duran merkezi böleginiň ajaýyp görnüşleri bilen hem şäheriň ýaşaýjylaryny özüne çeker. 
"Bu ýerde çagalar üçin oýun meýdançalary, dürli görnüşli attraksionlar, syn ediş çarhy, awtoulaglary goýmaga niýetlenen ýer göz öňünde tutulypdyr. Täze seýilgähiň çägindäki Sagdyn durmuş ýörelgesi merkeziniň (Ekoseýilgäh) bolsa sagdyn durmuşy ýörelge edinen dürli ýaşdaky raýatlaryň iň gelim-gidimli künjekleriniň biri boljakdygy ikuçsuzdyr. Umuman, seýilgähde wagtyňy şadyýan we gyzykly geçirmek, maşgala bolup dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir" diýlip, habarda bellenilýär.


şu gün 18:33
8535

“Şu ýerde gaplaňa duşdum”: türkmen goraghanalaryna “akylly” patrullama ornaşdyrylýar

Seýrek haýwanlara duşulanda, brakonýerçiligiň yzlaryna gabat gelnende we goraghanalarda bolup geçýän beýleki wakalary wirtual kartada bellige almaga mümkinçilik berýän täze kompýuter programmasy hödürlendi. Bu...

şu gün 10:48
9637

Serdar Berdimuhamedow «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny habar berdi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitap çapdan çykdy. Onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgulary ýerleşdirildi. Bu barada Serdar Berdimuhamedow Hökümet...

şu gün 10:35
2881

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçiriljek dabaralaryň meýilnamasy düzüldi

1-nji iýunda ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Bu dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer M.Mämmedowa 17-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde...

şu gün 10:29
1060

Aşgabatda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçiriler

17-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Atdaýew Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guraljak çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Ministrlikleriň we pudaklaýyn...