Aşgabatdaky "Daşkent" seýilgähi dabaraly ýagdaýda açyldy

  • 22.10.2022 00:24
  • 27k+

21-nji oktýabrda ýurdumyzda resmi saparda bolýan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde Aşgabatda gurlan «Daşkent» medeni dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy".

"Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew «Daşkent» medeni dynç alyş seýilgähiniň toý bagyny kesdiler. Şeýlelikde, seýilgäh resmi taýdan açyldy" diýip, "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri ýazýar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Zehinli iş» hojalyk jemgyýeti tarapyndan paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurlan «Daşkent» seýilgähi türkmen we özbek halklarynyň dostlugynyň, agzybirliginiň, medeni taýdan ýakynlygynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. 30 müň inedördül metre uzaýan giňişlikde özbek paýtagtynyň gözel künjeklerini «Aşgabatda jemleýän» desgalaryň 20-den gowragy bar. Olaryň daş-töweregi gür baglyga bürelipdir. Seýilgähiň girelgesinde «Ezgulik» binasy myhmanlara gujak açýar. Dostlukly ýurtda bu bina ýagşy we asylly işleriň nyşany hökmünde garalyp, ol Garaşsyzlyk meýdançasynyň girelgesini bezeýär.
Seýilgähiň çäginde ululy-kiçili suw çüwdürimleri, medeni-köpçülik çärelerini geçirmek üçin ýörite meýdança bolup, olar özbek milli nagyşlarydyr şekilleri bilen bezelipdir. Şunda kesişýän gönüburçluklaryň we sekizburçly ýyldyzyň şekilleriniň seýilgähiň çäginde köp desgalarda ulanylandygyny aýtmak gerek. 100-e çenli adamy kabul edip bilýän iki gatly çaýhananyň öňünde seýilgähiň özboluşly desgasy — çäýnek bilen käsäniň şekilindäki suw çüwdürimi ýerleşýär. Bu künjek diňe bir meşhur özbek aşhanasynyň tagamlary bilen däl, eýsem, seýilgähiň Daşkendiň täsin arhitektura desgasy hasaplanýan telewizion diňi görnüp duran merkezi böleginiň ajaýyp görnüşleri bilen hem şäheriň ýaşaýjylaryny özüne çeker. 
"Bu ýerde çagalar üçin oýun meýdançalary, dürli görnüşli attraksionlar, syn ediş çarhy, awtoulaglary goýmaga niýetlenen ýer göz öňünde tutulypdyr. Täze seýilgähiň çägindäki Sagdyn durmuş ýörelgesi merkeziniň (Ekoseýilgäh) bolsa sagdyn durmuşy ýörelge edinen dürli ýaşdaky raýatlaryň iň gelim-gidimli künjekleriniň biri boljakdygy ikuçsuzdyr. Umuman, seýilgähde wagtyňy şadyýan we gyzykly geçirmek, maşgala bolup dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir" diýlip, habarda bellenilýär.


düýn 17:46
1.1k+

Türkmenistanyň küştçüleri Astanadaky ýaryşlarda dört medal gazandy

Türkmenistanyň küştçüleri 14-17-nji maý aralygynda Astana şäherinde geçirilen türki döwletleriň halkara ýaryşlarynda dört sany medal gazanmagy başardy....

16.05.2026 11:13
8.3k+

Türkmenistanyň baýdagy Annapurna depesinde dikildi

«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň toparynyň işgärleri Nepaldaky beýikligi 8091 metre ýetýän Annapurna depesine çykdy we onuň iň beýik nokadynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdy. «Altyn asyr»......

15.05.2026 10:31
2.3k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

11.05.2026 22:59
1.3k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......