Aşgabatda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň binasynda «Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar zenanlary» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Onda deslapky tapgyrlarda Aşgabat, Arkadag şäherlerinden, welaýatlardan ýeňiji bolan bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.
Bäsleşik Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramaklarynda guraldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy hem-de milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu bäsleşik Türkmenistanyň bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda yglan edildi.
Bäsleşigiň esasy maksady milli bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdan, bank hyzmatlarynyň täze görnüşlerini ornaşdyrmakdan, bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň başarnygyny we ukybyny açyp görkezmekden ybaratdyr. Bäsleşik 3 şertden ybarat boldy.
Bäsleşige gatnaşanlar «Hünärim bar – hormatym bar» atly 1-nji şertinde ýurdumyzda bank ulgamynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri we häzirki döwürde hereket edýän «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011–2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» esasynda alnyp barylýan işleriň waspyny buýsançly gürrüň berdiler.
2-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň we milli bank ulgamynyň gazanan ösüşleriniň waspyny etmek» şertinde buýsançly, joşgunly, çeper görnüşde aýdym, dessan, goşgy, gazal ýerine ýetirildi.
«Türkmen halkynyň myhmansöýer saçagy» atly 3-nji şertinde «Bereketli türkmen saçagy» atly kitap esasynda toý saçagyny bezäp, tagamlaryň taýýarlanylyşyny çeper beýan etdiler.
Şu şertleri üstünlikli ýerine ýetiren zenanlar, eminler toparynyň gelen netijeleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, 3-nji orna Ahal, Lebap welaýatlaryndan we Arkadag şäherinden, 2-nji orna Balkan welaýatyndan, Aşgabat şäherinden, 1-nji orna Mary welaýatyndan, Baş baýraga bolsa Daşoguz welaýatyndan gatnaşan zenanlar mynasyp boldular.
Ýeňijilere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" neşiri habar berýär..



