Amerikan uçarmanlary “Melissa” harasatyny içinden wideo düşürdi

  • 30.10.2025 19:20
  • 14k+

ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň “Harasat awçylary” hökmünde belli bolan 53-nji meteorologiki gözleg eskadrilýasynyň uçarmanlary gözegçiligiň tutuş taryhynda Atlantikada iň güýçli harasatlaryň biri bolan “Melissa” tupanynyň merkezinden uçdy.

Eskadrilýanyň şturmany, podpolkownik Mark Uiti harasatyň göni “gözünden” wideo düşürdi. Kadrlar ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň DVIDS resmi platformasynda ýerleşdirildi. Wideoda “stadion effekti” diýlip atlandyrylýan seýrek tebigy hadysany görmek bolýar. Ägirt bulut diwary harasadyň merkeziniň daşynda ýokary galýar we ýokarlygyna giňäp, münberleri ýada salýar.
Ekipaž tupany ençeme gezek geçip, Milli harasat merkezi üçin meteo-maglumatlary ýygnady, ýöne güýçli turbulentlik sebäpli missiýany bes etmeli boldy diýip, ABC News habar berýär.
“Melissa” harasaty Saffir-Simpson şkalasy boýunça iň ýokary bäşinji kategoriýa, ýeliň güýji sagatda 295 km çenli ýetdi. 28-nji oktýabrda tupan Ýamaýka, soňra Kuba we Gaitä inip, uly weýrançylyklara we elektrik üpjünçiligi bilen bagly näsazlyklara getirdi.
Associated Press-iň maglumatlaryna görä, betbagtçylygyň netijesinde azyndan 49 adam heläk boldy: 40-ysy – Gaitide, sekizisi – Ýamaýkada, biri – Dominikan Respublikasynda. Gaitide we Dominikanda ýene bir adam dereksiz ýiten diýlip hasaplanýar.
Kubanyň kenaryna “Melissa” üçünji kategoriýanyň harasaty hökmünde golaýlady. 735 müň töweregi adam gaçybatalgada galdy. Häzirki wagtda harasatyň güýji ikinji kategoriýa çenli peseldi. 30-njy oktýabr agşamyna çenli “Melissanyň” Bermud adalaryndan günbatara barmagyna garaşylýar.


düýn 20:17
3.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......