Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçiriljek dabaralaryň meýilnamasy düzüldi

  • 18.05.2024 10:35
  • 4.7k+

1-nji iýunda ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Bu dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer M.Mämmedowa 17-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 1-nji iýunynda bu baýram mynasybetli birnäçe çäreleri, hususan-da, aýdym-sazly medeni çäreleri, bäsleşikleri, usuly-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Döwlet sirkinde, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde sirk tomaşalaryny, Türkmen döwlet gurjak teatrynda bolsa sahna oýunlaryny, kinokonsert merkezlerinde, “Aşgabat” kinoteatrynda kinofilmleriň we multfilmleriň görkezilişini guramak, Mukamlar köşgünde ýaşlar simfoniki orkestriniň, birleşen çagalar horunyň baýramçylyk konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Serdar Berdimuhamedow bu sene mynasybetli dabaralary, medeni çäreleri guramaçylykly geçirmäge talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.7k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.7k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......