Türkmenistanda çagalar baglarynyň şepagat uýalarynyň we aşpezleriniň arasynda bäsleşigiň netijeleri yglan edildi

  • 28.07.2025 18:02
  • 7.2k+

24-25-nji iýulda Aşgabat şäherindäki 127-nji ýöriteleşdirilen çagalar bagynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň we aşpezleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýän «Körpe nesliň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy», «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşikleriň jemleýji döwlet derejesindäki tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Bäsleşik Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan her okuw ýylynda yglan edilýär we geçirilýär.
Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan şepagat uýalary we aşpezler gatnaşdylar. Bäsleşik iki tapgyrda geçirilip, onuň birinji tapgyrynyň dowamynda gatnaşyjylar wideosidi ýazgynyň üsti bilen alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler, syýasy we hünär taýýarlygyna degişli soraglara jogap berdiler. Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda bolsa şepagat uýalary bir günlik tagamnamany düzdiler, aşpezler bolsa şol tagamnama esasynda çagalara naharlar , içgiler  we işdäaçar taýýarladylar.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň (doganlarynyň) gatnaşmaklarynda geçirilen “Körpe nesliň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda baş baýraga Arkadag şäheriniň 3-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy Aýnur Çaryýewa,  aşpezleriň arasynda geçirilen «Bereketli türkmen saçagy»  atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda baş baýraga Aşgabat şäheriniň 113-nji çagalar bakja-bagynyň aşpezi Marina Arazowa mynasyp boldular.
Bäsleşikleriň ýeňijileri we bäsleşige işjeň gatnaşan şepagat uýalary we aşpezleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandy.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.9k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......