Türkmenistanyň Ýaşlar kamera orkestri Wenada geçirilen festiwalda ýene-de "Altyn baýrak" aldy

  • 28.07.2025 14:14
  • 4.6k+

Türkmenistanyň zehinli sazandalaryndan ybarat bolan Ýaşlar kamera orkestri 23 — 26-njy iýul aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde XI Bütindünýä orkestr festiwalyna gatnaşyp, "Altyn baýraga" mynasyp boldular.

2013-nji ýylda Wena şäherinde esaslandyrylyp, her ýyl festiwala Türkmenistan bir hatarda Awstriýa, Germaniýa, Fransiýa, Ispaniýa, Italiýa, Niderlandlar, Horwatiýa, Polşa, Irlandiýa, Estoniýa, Kosowo, Çernogoriýa, Malaýziýa, Hytaý, Indoneziýa, Gonkong, Çili, Ekwador hem-de Türkiýe döwletlerinden jemi 40-dan gowrak sazandalar toparlary gatnaşdy.
Türkmenistanyň Ýaşlar kamera orkestri zehinli dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Wena şäheriniň iň naýbaşy konsert zallarynda daşary ýurt nusgawy eserleri hem-de türkmen dutary bilen çykyş edip, festiwala gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolmagy başardylar. Şeýle hem festiwalyň dowamynda awstriýaly tanymal dirižýor, professor Nil Waron türkmen sazandalary bilen bilelikde ussatlyk sapagyny geçdi.


Festiwalyň çäklerinde orkestrleriň arasynda guralan bäsleşik hem örän çekeleşikli geçdi. Joşgunly ýerine ýetirişi bilen üstünlikli çykyş eden türkmen sazandalary eminleriň ünsüni özüne çekmegi başardylar. Netijede, tanymal dirižýorlardyr saz sungatynyň görnükli wekillerinden, Wena konserwatoriýasynyň professorlaryndan düzülen eminler topary ýurdumyzyň Ýaş sazandalar toparynyň çykyşlaryna örän ýokary baha berdiler.

Festiwalyň ýapylyş dabarasy “Altyn zal” ady bilen belli bolan dünýäniň iň meşhur konsert zallarynyň biri “Muzikferaýnda” geçirildi. Bu ýerde hem tomaşaçylar türkmen sazandalarynyň çykyşlaryny gyzgyn el çarpyşmalar bilen kabul etdiler.
Konsertiň ahyrynda festiwalyň çäklerinde geçirilen bäsleşigiň netijeleri yglan edildi. Eminleriň biragyzdan ses bermegi bilen, türkmen sazandalary “Kamera orkestri” ugry boýunça “Altyn baýraga” mynasyp boldy. Şeýle hem türkmen sazandalarynyň çykyşyna ýokary baha berlip, “Iň gowy dirižýor”, “Nusgawy sazy iň gowy ýerine ýetirmek” we “Iň gowy täsirli ýerine ýetirmek ussatlygy” ugurlary boýunça ýörite şahadatnamalar gowşuryldy.
Mälim bolşy ýaly, Ýaşlar kamera orkestri 2024-nji ýylda geçirilen halkara festiwalda hem “Altyn baýraga” mynasyp bolmagy başarypdy.
Festiwalyň döredijilik komitetiniň prezidenti, britan dirižýory, professor Tobi Pýorser geljekde Türkmenistana baryp görmek, Ýaşlar kamera orkestri bilen bilelikdäki konsertleri guramak isleýändigini nygtady.


şu gün 00:04
901

Ahalteke atlarynyň endamy nädip lowurdaýar? Türkmen alymlary muny öwrendi

Türkmen biotehnologlary ahalteke atlarynyň tüýüne mahsus bolan lowurdynyň esasynda ýatan biohimiki mehanizmleri anyklady we oňa barlaghana şertlerinde obýektiw baha bermegiň täze usulyny işläp taýýarlady. Bu......

27.05.2026 18:14
4.2k+

Türkmenistan Gurban baýramyny giň gerimde belleýär

Üç günläp dowam edýän Gurban baýramy türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda giňden bellenilýär....

26.05.2026 19:02
7.3k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....

26.05.2026 12:36
3k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......