Aşgabatda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçiriler

  • 18.05.2024 10:29
  • 1.9k+

17-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Atdaýew Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guraljak çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, «Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmegi hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan belli halyşynaslaryň, türkmen halysynyň muşdaklarynyň, alymlaryň hem-de ussat hünärmenleriň, halyçylyk bilen meşgullanýan kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.
Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde bitiren hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, ýurdumyzyň halyçylaryna “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly at dakylar.
Serdar Berdimuhamedow wise-premýere Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri, haly önümleriniň sergisini, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.7k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....