Karl III-ä täç geýdirmek dabarasy 2023-nji ýylyň 6-njy maýynda geçiriler

  • 12.10.2022 17:27
  • 7.8k+
Karl III-ä täç geýdirmek dabarasy 2023-nji ýylyň 6-njy maýynda geçiriler

Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III-ä täç geýdirmek dabarasy indiki ýylyň 6-njy maýynda geçer diýip, sişenbe güni Bukingem köşgi habar berdi.

«Bukingem köşgi Onuň Alyhezretleri Patyşanyň täç geýdiriliş dabarasynyň 2023-nji ýylyň 6-njy maýynda geçjekdigini şatlyk bilen mälim edýär» — diýip, patyşa rezidensiýasynyň beýannamasynda aýdylýar.

Dabarany Westminster abbatlygynyň arhiýepiskopy Kenterberiýskiý geçirer.
Karl III bilen birlikde şa zenany-konsort Kamilla hem täç geýdiriler.
Şa zenany Ýelizaweta II 8-nji sentýabrda şotland köşgi Balmoralda 96 ýaşynyň içinde dünýäsini täzeläpdi. Tagt mirasdüşerliginiň geňeşi 10-njy sentýabrda onuň ogluny Beýik Britaniýanyň Birleşen Patyşalygynyň we Demirgazyk Irlandiýanyň täze monarhy Karl III diýip yglan etdi. 


10.09.2024 13:26
1.8k+

Türkmenistan Britaniýa bilen ekologiýa we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşýar

9-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň Sebitleýin ösüş boýunça direktory Sara Kuper bilen duşuşdy...

27.07.2024 12:54
8k+

Beýik Britaniýanyň şa maşgalasynyň girdejisi 1,1 mlrd funt sterlinge çenli ýokarlandy

Karl III-niň şa emläkleri geçen ýyl 1,1 mlrd funt sterlinge çenli ýokarlandy. Bu barada Britaniýanyň şa maşgalasy tarapyndan hödürlenen maliýe hasabatyna salgylanyp, BBC News habar berýär. Girdejileriň artmagy...

26.07.2024 07:53
2.5k+

Britaniýada Uelsiň hökümet baştutany hökmünde ilkinji gezek aýal saýlandy

Baronessa Eluned Morgan Uelsiň Leýboristik partiýasynyň täze lideri hökmünde saýlandy we şonuň esasynda Birleşen Korollygyň bu administratiw-syýasy böleginiň birinji ministri bolar. Muny partiýanyň içinde geçirilen...

23.07.2024 14:53
6.7k+

Beýik Britaniýa Ýewropada ilkinji bolup emeli etiň satylmagyna rugsat berdi

Beýik Britaniýa Ýewropada laboratoriýa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilen emeli etiň satylmagyna rugsat beren ilkinji ýurt boldy. Häzirlikçe şeýle eti diňe haýwanlaryň iýmitinde ulanyp bolýar diýip, Financial Times...