2023-nji ýylda “Ýewrowideniýe” Liwerpulda ýa-da Glazgoda geçiriler

  • 30.09.2022 11:06
  • 3.1k+

“Ýewrowideniýe” halkara aýdym-saz bäsleşigi 2023-nji ýylda Liwerpulda ýa-da Glazgoda geçiriler. Bu barada “Bi-bi-si” habar berdi diýip, centralasia.media belleýär.

“Ýewrowideniýe-2023-i” geçirmek hukugyna dalaş edýänleriň gysga sanawyna Beýik Britaniýanyň ýedi şäheri girdi: Birmingem, Lids, Mançester, Nýukasl, Şeffild, Glazgo we Liwerpul. Öň, “Metro” neşiri guramaçylar tarapyndan esasy göz öňünde tutulýan şäherleriň Glazgo bilen Birmingemdigini ýazypdy, ýöne soňkusy liderleriň ikiligine girmedi.
Aýdym-saz bäsleşiginiň gutarnykly geçiriljek ýeri indiki hepdeleriň dowamynda belli bolar diýip, “Bi-bi-si-niň” wekili belleýär.
2022-nji ýylda Italiýanyň Turin şäherinde geçirilen “Ýewrowideniýede” Ukrainanyň Kalush Orchestra hip-hop topary “Stefaniýa” aýdymy bilen ýeňiji boldy. Bu ýeňiş hem ýurda geljek ýyl bäsleşigi geçirmäge hukuk berýär. Ukraina bäsleşigi kabul etmäge taýýardygyny habar berdi. Şeýle-de bolsa, iýun aýynda Ýewropanyň ýaýlym birleşigi (EBU) howpsuzlyk maksady bilen, bäsleşigi ikinji ýer alan Britaniýada geçirmek kararyna geldi. Ukraina soňky bäsleşikde ýeňiji bolan ýurt hökmünde geljekki bäsleşigiň göni finalyna çykar.
Soňky gezek Britaniýa “Ýewrowideniýäni” 1998-nji ýylda Birmingemde kabul etdi. Londonda “Ýewrowideniýe” soňky gezek 1977-nji ýylda geçirildi, 2023-nji ýyldaky bäsleşik ýurt üçin dokuzynjy bolar.


düýn 07:34
1.9k+

Britaniýaly dizaýner arylar üçin 3D-printerde çap edilen gülleri döretdi

Britaniýaly dizaýner Jastina Aleksandroff «Faux Flora» atly taslamasyny tanyşdyrdy. Bu taslama 3D-printerde çap edilen emeli güllerden ybarat bolup, olar hapalanan howa şertlerinde arylar üçin ysly çelgi......

16.04.2026 17:18
3.2k+

Britaniýalylara mugt elektrik energiýasy hödürlener

Şu tomusda Beýik Britaniýanyň ýaşaýjylaryna elektrik energiýasyny has köp ulanmak üçin şert dörediler. Bu çäre mawy energiýa çeşmelerinden alynýan toguň aşa köpelmegi sebäpli energiýa ulgamyna düşýän agramy......

04.04.2026 23:43
6.3k+

Icelandair kompaniýasy Islandiýa syýahat hödürlemek üçin «erbet fotosuratçyny» gözleýär

«Icelandair» awiakompaniýasy bäsleşik yglan etdi. Onuň ýeňijisi Islandiýa 10 gün syýahat etmäge mümkinçilik gazanar. Taslamanyň maksady hatda tejribesiz adamyň hem bu ýurtda gowy suratlary düşürip biljekdigini......

03.04.2026 16:15
3.6k+

GPS geçmişde galdy: Beýik Britaniýada kwant nawigasiýaly otly synag edildi

Beýik Britaniýa dünýäde ilkinji bolup, magistral otlusynda kwant nawigasiýa ulgamyny barlap gördi. Bu synag işleri London bilen Uelwin-Gaden-Siti şäherleriniň arasyndaky Great Northern ýolunda amala aşyryldy....