Britaniýaly dizaýner arylar üçin 3D-printerde çap edilen gülleri döretdi

  • 17.04.2026 07:34
  • 2.2k+

Britaniýaly dizaýner Jastina Aleksandroff «Faux Flora» atly taslamasyny tanyşdyrdy. Bu taslama 3D-printerde çap edilen emeli güllerden ybarat bolup, olar hapalanan howa şertlerinde arylar üçin ysly çelgi wezipesini ýerine ýetirer.

Bu enjamlar smogyň tebigy yslary bökdän wagtynda mör-möjeklere hakyky ösümlikleri tapmaga kömek edýär.

Emeli güller arylar çekmek üçin üç sany faktory ulanýarlar. Olaryň birinjisi mör-möjekleriň wizual kabul edişine laýyk gelýän radial simmetriýa, ikinjisi gülleriň üstki gatlagy ýagtyny yzyna serpikdirýän şöhle saçýan ýüz,  üçünjisi bolsa şäher hapalaryna garşy durnukly bolan ýörite aromatik molekulalardyr.

Ysyň formulasy Bangalordaky «NICE Labs» barlaghanasy bilen bilelikde işlenip düzüldi. Onuň esasynda tozanlandyryjylar üçin iň özüne çekiji bolan žasmin gülüniň  molekulalary durýar.

Bu taslama «görnüşara dizaýn» ugruna degişli bolup, onda adamyň däl-de, eýsem janly-jandarlaryň duýuş ukyplaryna uly ähmiýet berilýär. Awtoryň pikirine görä, munuň ýaly güller ekoulgamy goldamak üçin şäher gurşawyna ornaşdyrylyp bilner. Häzirki wagtda «Faux Flora» prototipleri hakyky şertlerde öz netijeliligini subut etmek üçin meýdan synaglaryna taýýarlanylýar.


düýn 23:53
886

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....

26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

25.06.2026 14:38
6.6k+

Islandiýada iki ýyllyk arakesmeden soň gaýtadan läheň awlamak başlandy

Islandiýada täjirçilik maksatly läheň awunyň wagtlaýynça bes edilmeginden iki ýyl geçirip,  ýene-de iki sany läheň awlandy. RUV teleradiokompaniýasynyň habar bermegine görä, bu aw suw jandarlaryny tutmaga......

25.06.2026 10:41
3.5k+

Zalymlyga garşy gözellik: Nature and Humans surat bäsleşiginiň netijeleri

Ýylda geçirilýän üçünji Nature and Humans Photo Competition surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Oňa dünýäniň 49 ýurdundan we sebitinden suratçylar gatnaşdylar. Şu ýylky halkara eminler toparyna meşhur......