Ýolöten etrabynda 4500 öýli täze döwrebap şäherçäniň düýbi tutuldy

  • 08.04.2026 16:10
  • 11k+

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 800 gektar meýdany eýelejek täze, döwrebap obanyň gurluşygyna dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Taslama laýyklykda, bu ýerde 22 müň 500 ýaşaýjy üçin niýetlenen 4500 sany ýaşaýyş jaýy gurlar. Öýleriň 2490 sanysy bäş otagly, 2010 sanysy bolsa üç otagly jaýlardan ybarat bolup, olar oba durmuşynyň aýratynlyklary bilen şäher amatlyklaryny özünde jemlär.

Täze şäherçäniň düzüminde döwrebap infrastruktura desgalarynyň toplumy, şol sanda Geňeşligiň binasy, 500 orunlyk Medeniýet öýi, 1000 orunlyk metjit, mekdep, saglyk merkezi, hassahana we uly söwda merkezi ýerleşer. Şeýle hem ýaşaýjylary arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin kuwwaty 15 000 kub metr bolan suw arassalaýjy desga we beýleki möhüm binalar gurlar.

Bu taslama döwlet Baştutanynyň sebitleri ösdürmek we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan durmuş ugurly ykdysady syýasatynda nobatdaky möhüm ädimdir.


12.06.2026 01:36
5.6k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

23.05.2026 15:54
7.3k+

Büzmeýin etrabynda täze mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň «Bagyr» ýaşaýyş toplumynda täze mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar. Paýtagty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we şäher infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak maksady......