«Türkmenawtoulaglary» Ýaponiýadan 1250 sany orta we kiçi synply awtobuslary satyn alar

  • 24.09.2022 01:59
  • 31k+

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi 1000 sany «Toyota Coaster» kysymly orta synply we 250 sany «Toyota Hiace» kysymly kiçi synply awtobuslary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak hakynda Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» kompaniýasy bilen şertnama baglanyşar. Bu barada Hökümet mejlisiniň barşynda degişli resminama gol çekildi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň barşynda şeýle hem bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylary ulag serişdeleri bilen üpjün etmegiň maksatnamasy taýýarlanyldy.


düýn 14:43
8.5k+

Ermenistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň ilçisi Garagoýunly türkmenleriniň taryhy ýadygärligine baryp gördüler

21-nji awgustda Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Türkmenistanyň ilçisi M.Aýazow bilen Ararat welaýatynyň Argawand obasynyň çäginde ýerleşýän XV asyryň binagärlik ýadygärligi bolan Garagoýunly türkmenleriň emirleriniň aramgähine baryp gördüler...

düýn 08:54
13k+

Azerbaýjanyň Prezidentine ahalteke bedewi, Özbegistanyň Prezidentine köşekli düýe sowgat berildi

22-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň, Azer­baý­janyň we Öz­be­gis­tanyň Pre­zi­den­tleriniň met­bu­gat mas­la­ha­ty ta­mam­la­nan­dan soň­ra, ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk my­na­sy­bet­li me­de­ni çä­re­le­r geçirildi...

düýn 08:40
4k+

«Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygynda gol çekilen resminamalar

22-nji awgustda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşygy tamamlanandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Dabaranyň çäklerinde:...

düýn 08:31
2.4k+

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan söwda gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy

22-nji awgustda geçirilen «Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygyň barşynda özara haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmak, ykdysady ösüşi höweslendirmek meselelerine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy...