Gazagystan ýurduň paýtagtynyň öňki Astana adyny dikeltdi

  • 18.09.2022 23:46
  • 20k+

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultana Astana adyny gaýtaryp bermek baradaky permana gol çekdi. Ol şenbe güni kanunçylyga ady täzelemäge mümkinçilik berýän, konstitusion geňeşiň makullan  düzedişlerine gol çekdi.

"Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Nur-Sultan şäheriniň adyny Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäheri diýip üýtgetmeli. Şu perman birinji resmi çap edilen gününden başlap güýje girýär" - diýip, Tokaýewiň saýtynda çap edilen resminamada aýdylýar.

Gazagystanyň deputatlarynyň "Žana Kazahstan" (Täze Gazagystan) topary sentýabryň başynda şähere köne adyny gaýdyp bermek baradaky başlangyç bilen çykyş edipdi.


04.11.2025 15:19
5.5k+

Türkmenistandan iki ýaş zehin Gazagystanda geçirilen halkara sungat festiwalynda ýeňiji boldy

Türkmenistandan iki wekil Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen “THE PLANET OF ART – 2025” Halkara ýaşlar sungat festiwalynyň ýeňijileri boldular.  Ylham Orazmämmedow instrumental ugur boýunça, Aýşat Rejepowa bolsa horeografiýa ugrunda ýeňiş gazandy...

15.10.2025 11:33
9.8k+

Gazagystanda müň düýeden ybarat kerwen Ginnesiň rekordyny goýdy

Gazagystanyň Almaty welaýatynda dünýä rekordy goýuldy – müň sany bir örküçli düýeden ybarat kerwen dünýäde iň ulusy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna resmi taýdan girizildi. Bu barada welaýat häkimliginde habar berildi...

07.10.2025 23:11
9k+

Jeki Çan Gazagystanda “Hudaýyň sowudy” franşizasynyň täze bölümini düşürer

Meşhur hytaýly aktýor Jeki Çan Gazagystanda “Hudaýyň sowudy” (Доспехи Бога) franşizasynyň dördünji bölümini düşürer. Bu barada Gazagystanyň Salem Entertainment studiýasy öz Instagram sahypasynda habar berdi. “Biz Jeki Çanyň Alma-Ata sapary [sentýabryň ahyry] barada resmi taýdan maglumat berýäris...

03.10.2025 18:02
3.8k+

Gazagystanda geçirilýän "Gorkut Ata" kinofestiwalynda täze türkmen filmleri hödürlenildi

Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň Aktau şäherinde geçirilýän «Gorkut Ata» halkara kino festiwalynda täze türkmen filmleri hödürlendi. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekiliýeti festiwala şu filmleri...