Serdar Berdimuhamedow Özbegistana iş saparyny tamamlap, ýurdumyza gaýdyp geldi

  • 16.09.2022 22:30
  • 15k+

16-njy sentýabrda Samarkant şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň mejlisi geçirildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow sammite hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Şu gün şeýle hem ŞHG-niň sammitine gatnaşyjylaryň hormatyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti resmi günortanlyk naharyny berdi. 
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Samarkandyň Halkara howa menzilinden Watanymyza ugrady.
Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary birnäçe wagtdan soň, Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar.
Ozal habar berşimiz ýaly, ŞHG agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda, 15-nji sentýabrda Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Çžan Min bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.


16.04.2026 22:10
8.3k+

Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň wekili bilen «Galkynyş» käniniň 4-nji tapgyryny özleşdirmäge badalga berilmegini maslahatlaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň......

16.04.2026 14:57
1k+

Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň täze ilçisi bilen duşuşdy

15-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brugy kabul etdi....

16.04.2026 14:51
1.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň täze ilçisini kabul etdi

15-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonjeni kabul etdi....

14.04.2026 14:32
5.7k+

Serdar Berdimuhamedow Yragyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nizar Amedini Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady. Bu barada TDH habar berýär....