Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýew bilen gepleşikleri geçirdi

  • 15.09.2022 17:44
  • 9.8k+

Şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Samarkantda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçiren duşuşygy saparyň birinji gününiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemini jemledi. Samarkantdaky Kongres merkezinde geçirilen ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleriniň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Biziň ýurdumyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyna Türkmenistana, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyza goýulýan uly hormatyň nyşany hökmünde garalýandygyny aýdyp, döwlet Baştutany bu düzümiň abraýly halkara guramalaryň hatarynda wajyp orny eýeleýändigini belledi.
Taraplar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar. Syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde özara hereketleri işjeňleşdirmek, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, ŞHG-niň ähli agza döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly meseleler nobatdaky ýokary derejeli gepleşikleriň esasyny düzdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berdi.


şu gün 00:06
1.8k+

«Galkynyş» känini özleşdirmegiň täze tapgyry müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer

«Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyry ýurduň önümçilik infrastrukturasyny we eksport mümkinçiliklerini düýpli giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň......

düýn 23:49
1.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Din Sýuesýan «Galkynyş» känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berdi

17-nji aprelde Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça işlere badalga bermek dabarasy boldy. Çärä Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy......

düýn 16:36
8.3k+

«Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi

Türkmenistanyň Mary welaýatynda ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň täze tapgyry başlandy. Şu gün irden geçirilen dabaraly çäre barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär....

düýn 16:26
4.7k+

«Türkmengaz» döwlet konserni we CNPC täze gaz desgalarynyň gurluşygy barada ylalaşyga gol çekdi

16-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada TDH habar berýär....