Serdar Berdimuhamedow Samarkantda Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi

  • 15.09.2022 10:04
  • 9.4k+

Şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistanyň Samarkant şäherine amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

HHR-iň Başlygynyň Özbegistana sapary wagtynda bolýan rezidensiýasynda ― «Forumlar Mažmuasi» merkezinde guralan duşuşykda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Hytaý Halk Respublikasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýdyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Şunda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti aýratyn nygtalyp, onuň gerimini has-da giňeltmek bilen bagly anyk teklipler beýan edildi.
Häzirki wagtda Hytaýyň biziň ýurdumyzyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydygy göz öňünde tutulanda, ykdysady ugurly özara hereketleri has-da çuňlaşdyrmak, bu dostlukly döwlete iberilýän türkmen gazynyň möçberini artdyrmak, ulag-logistika ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak babatda uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtamak gerek.
Şular barada aýdyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy ikitaraplaýyn duşuşygyň ahyrynda dostluk, özara ynanyşmak, birek-biregi hormatlamak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.


düýn 07:34
7.3k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.5k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
1.9k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

22.05.2026 15:38
2.8k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....