Serdar Berdimuhamedow Samarkantda ŞHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

  • 15.09.2022 11:31
  • 5.6k+

Şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistanyň Samarkant şäherine amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG-niň Baş sekretary Çžan Min bilen duşuşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri maglumat ýaýratdy.

Döwlet Baştutanynyň Özbegistana sapary wagtynda bolýan rezidensiýasynda ― «Lia! by Minyoun Stars of Ulugbek» myhmanhanasynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary baradaky pikir alyşmalara giň orun berildi. Biziň ýurdumyzyň bu abraýly düzümiň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyna Türkmenistana, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyza goýulýan uly hormatyň nyşany hökmünde garalýandygyny aýdyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň ŞHG-niň çäklerinde gyzyklanma bildirýän ugurlary hakynda jikme-jik durup geçdi. Şolaryň hatarynda, ilkinji nobatda, energetika ulgamyny görkezmek bolar. Şunda hormatly Prezident ýylda 40 milliard kub metre çenli türkmen tebigy gazyny Hytaýa ibermäge mümkinçilik berýän Türkmenistan ― Hytaý gaz geçirijisiniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ulag-kommunikasiýa ulgamynyň, telekeçilik işiniň hem Türkmenistanyň bu guramanyň çäklerinde ileri tutýan ugurlarydygyny nygtap, ýurdumyzyň olar boýunça iri möçberli taslamalaryň, uzak möhletleýin maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda gepleşiklere taýýardygyny tassyklady.


16.04.2026 22:10
8.3k+

Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň wekili bilen «Galkynyş» käniniň 4-nji tapgyryny özleşdirmäge badalga berilmegini maslahatlaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň......

16.04.2026 14:57
1k+

Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň täze ilçisi bilen duşuşdy

15-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brugy kabul etdi....

16.04.2026 14:51
1.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň täze ilçisini kabul etdi

15-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonjeni kabul etdi....

14.04.2026 14:32
5.7k+

Serdar Berdimuhamedow Yragyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nizar Amedini Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady. Bu barada TDH habar berýär....