Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirilýär: Serdar Berdimuhamedow gatnaşyjylary gutlady

  • 15.09.2022 08:29
  • 7649
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirilýär: Serdar Berdimuhamedow gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahaty öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlag iberdi.

“Dünýä türkmenleri bilen dostlukly gatnaşyklarymyzy has-da giňeltmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biz türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlary bolan Russiýa Federasiýasy, Beýik Britaniýa, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ukraina, Türkiýe Respublikasy, Özbegistan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Owganystan, Pakistan Yslam Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany Patyşalygy we beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris” diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Döwlet Baştutany: “Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlardaky bölümleri özara doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, tutuş türkmen halkynyň bähbidi ugrunda maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär. Bu guramanyň işewür agzalary batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar” diýip bellemek bilen, täze döwürde biz bu işleriň geriminiň mundan beýläk-de giňeldiljekdigini tassyklady.

“Men birleşigiň XXIII maslahatynyň dünýä türkmenlerini has-da jebisleşdirmek, doganlyk gatnaşyklarymyzy we agzybirligimizi pugtalandyrmak, ählumumy parahatçylyga, dostluga, abadançylyga, ösüşe gönükdirilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda örän uly ähmiýete eýe boljakdygyna pugta ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutany Gutlagyny iň oňat arzuwlar bilen jemledi.


düýn 13:17
3095

Haly önümleriniň bäsleşiginiň ýeňijisini anyklamak üçin SMS arkaly ses bermeklik başlandy

Halyçy gelin-gyzlaryň arasynda yglan edilen “Türkmen halysy – milli buýsanjymyz” atly haly önümleriniň sergi bäsleşiginiň ýeňijisini anyklamak üçin SMS arkaly ses bermeklik başlandy. Bäsleşigiň jemleýji döwlet...

düýn 12:34
3569

Stambulda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

15-nji maýda Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Dabara Türkiýäniň ylmy intelligensiýasynyň...

15.05.2024 17:37
6213

Aşgabatda Agro Pack Turkmenistan & Turkmen Food halkara sergisi öz işine başlady

Şu gün, 15-nji maýda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady. Gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň...

14.05.2024 14:10
8708

Edebiýat birleşdirýär: Daşoguzda amerikan-türkmen kitap ýarmarkasy geçirildi

11-nji maýda Daşoguz welaýat kitaphanasynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Hökümetiniň we Daşoguzyň Amerikan burçunyň bilelikde guramagynda amerikan-türkmen kitap ýarmarkasy geçirildi. Bu...