Haly önümleriniň bäsleşiginiň ýeňijisini anyklamak üçin SMS arkaly ses bermeklik başlandy

  • 16.05.2024 13:17
  • 4.2k+

Halyçy gelin-gyzlaryň arasynda yglan edilen “Türkmen halysy – milli buýsanjymyz” atly haly önümleriniň sergi bäsleşiginiň ýeňijisini anyklamak üçin SMS arkaly ses bermeklik başlandy.

Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşýan halyçy gelin-gyzlaryň çykyşlaryny şu salgydan görüp bilersiňiz.
Çykyşlary bahalandyrmak we ýeňijileri kesgitlemek üçin öz sesiňizi 0560 gysga belgisine toparyň degişli kod belgisini iberip bilersiňiz! Ses berişliginiň netijelerini turkmentv.gov.tm  saýtyndan yzarlap bilersiňiz!

Toparlar we olaryň kodlary:

  1. Ezber eller: 11
  2. Miras: 22
  3. Batly daragym: 33
  4. Türkmeniň kalby: 44
  5. Nepis: 55
  6. Tumar: 66
  7. Beşir: 77

Bäsleşigiň guramaçylary bolup, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we “Türkmenhaly” döwlet birleşigi çykyş edýär.

 


şu gün 00:03
1.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......