Stambulda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

  • 16.05.2024 12:34
  • 4.7k+

15-nji maýda Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Dabara Türkiýäniň ylmy intelligensiýasynyň wekilleri, meşhur ýazyjy-şahyrlar, syýasy-jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyp ýaşlar we KHBS-i gatnaşdy.
Öz çykyşynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Baş konsuly M.Öwezow Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlarda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem türkmen diplomaty Magtymguly Pyragynyň mirasynyň Türkmenistanyň we köp sanly döwletiň medeniýetine täsirini belläp geçdi.
Şeýle hem, dabaranyň çäklerinde ýaş poeziýa söýüjiler  beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň eserlerini okadylar we şahyryň eserleriniň geljekki nesiller üçin wajypdygyny bellediler.
Gatnaşyjylar şahyryň ömri we döredijiligine bagyşlanan suratlaryň, şahyryň şygyrlarynyň ýygyndylarynyň, türkmen milli egin-eşikleriniň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini synladylar diýip, Türkmenistanyň Stambuldaky diplomatik wekilhanasynda habar berdiler.


şu gün 00:03
708

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

24.06.2026 10:10
5k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......