Edebiýat birleşdirýär: Daşoguzda amerikan-türkmen kitap ýarmarkasy geçirildi

  • 14.05.2024 14:10
  • 9.7k+

11-nji maýda Daşoguz welaýat kitaphanasynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Hökümetiniň we Daşoguzyň Amerikan burçunyň bilelikde guramagynda amerikan-türkmen kitap ýarmarkasy geçirildi. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maglumat we medeniýet bölüminde habar berdiler

Çäräni açmak üçin Daşoguza ilçi Mettýu Klimow bardy.

"ABŞ-nyň ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän wagtynda bu kitap ýarmarkasyny geçirmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmekden hoşallyk duýýar. Gowy kitap - bu ýoldaş, biziň dostumyz bolýar" diýip, ilçi belledi.

Şeýle hem ilçi Klimow ABŞ-nyň ilçihanasynyň adyndan kitaphana minnetdarlyk nyşany hökmünde iňlis dilini öwrenmek boýunça okuw materiallarynyň ýygyndysyny gowşurdy.
Ýarmarkada ABŞ-nyň ilçihanasy tarapyndan türkmen diline terjime edilen amerikan edebiýatynyň birnäçe nusgawy eserleri hem sergilendi. Häzirki wagta çenli ABŞ-nyň ilçihanasy amerikan edebiýatyndan 14 sany nusgawy eseriň iňlis-türkmen iki dilli görnüşlerini çap etdi. Bu bolsa şol eserleri türkmen okyjylary  üçin has elýeterli edýär. Dowam edýän başga bir kitap hyzmatdaşlygynyň çäginde, "Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçileriň gaznasy" (AFCP) maksatnamasy häzirki wagtda Magtymgulynyň döwründen birnäçe golýazmany dikeltmek üçin iş alyp barýar.


düýn 23:16
2.9k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
5.6k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.7k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......