ByteDance ABŞ üçin TikTok-yň we CapCut-yň aýratyn wersiýalaryny çykarar

  • 10.07.2025 20:45
  • 3.6k+

Hytaýyň ByteDance kompaniýasy diňe bir TikTok sosial ulgamynyň däl, eýsem CapCut wideoredaktorynyň aýratyn wersiýasyny çykarmagy meýilleşdirýär. Olar diňe ABŞ-daky ulanyjylara gönükdiriler diýip, Business Insider habar berýär.

Bu çözgüt ABŞ-nyň täze kanunlaryna laýyklykda TikTok-yň amerikan bölüminiň satylyp bilinmegi bilen baglanyşyklydyr. Gysga wideo platformasynyň täze wersiýasyny 5-nji sentýabrda işe girizmek meýilleşdirilýär, şol bir wagtyň özünde häzirki programma 2026-njy ýylyň martynda işini bes etmeli. Seneler üýtgäp hem biler.
CapCut wideoredaktorynyň amerikan wersiýasynyň çykjak senesi barada maglumat ýok. GooglePlay-de häzirki CapCut milliard gezekden köp ýüklenip alyndy, amerikan App Store-da bu programma meşhurlygy boýunça hatda Instagram bilen YouTube-dan hem öňe geçýär.
Täze programmalaryň işe girizilmegi ByteDance kompaniýasyny ABŞ-da TikTok-dan we beýleki aktiwlerden ýüz öwürmäge borçlandyrýan kanun talaplaryny berjaý etmek boýunça kompaniýanyň strategiýasynyň bir bölegi hökmünde görülýär. Amerikan häkimiýetleri Hytaý hökümetiniň ulanyjy maglumatlaryna elýeterli bolmagyndan ýa-da kontente täsir etmek mümkinçiligine eýe bolmagyndan howatyrlanýar. Kanuny berjaý etmekden ýüz öwren ýagdaýynda TikTok Birleşen ştatlaryň çäginde gadagan edilip bilner.
TikTok-yň amerikan bölümçesiniň satuwy henizem ara alyp maslahatlaşylýan mesele bolup galýar. Mümkin bolan alyjylaryň arasynda Microsoft, Amazon we Frenk Makkortyň ýolbaşçylygynda maýadarlar topary bar. Ozal ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp platformany satyn almaga taýýar “örän baý adamlar” barada habar berdi we şertnamany ýapmak üçin HHR-iň başlygy Si Szinpiniň tassyklamagynyň zerurdygyny aýtdy.


şu gün 00:57
4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....