Trump Media kompaniýasy Netflix-iň bäsdeşi boljak Truth+ akym hyzmatyny işe girizdi

  • 09.07.2025 14:16
  • 3.8k+

Trump Media kompaniýasy özüniň Truth+ akym hyzmatynyň dünýä derejesinde işe başlandygyny habar berdi. Häzirki wagtda platformadaky göni ýaýlymlar we wideo mazmun mugt elýeterlidir. Abuna ýazylmak barada maglumat ýok diýip, Reuters ýazýar.

Platforma teleýaýlymlara göni ýaýlymda we iOS, Android, web wersiýasy, şeýle hem smart-TV-de - Apple TV-de, Android TV-de, Amazon Fire TV-de we Roku üçin Truth + programmasy arkaly wideo tomaşa etmäge mümkinçilik berýär.
Oňa senzura çydamly platforma hökmünde orun berilýär. Hyzmat, kompaniýanyň mälim etmegine görä, iri habar beriş serişdeleriniň platformalary tarapyndan çäklendirilen mazmuny goşmak bilen, täzelikleri, görkezişleri we filmleri hödürleýär. Taslamanyň hyzmatdaşlarynyň arasynda konserwatiw neşir bolan Newsmax bar, onuň paýnamasy 2,83 göterim düşdi we 14,61 dollara geldi. Trump Media-yň paýnamalary 0,13 göterim ýokarlap, 18,98 dollara ýetdi.
Truth+ beta synagynda tapgyrynda. Ol iýun aýynyň ahyrynda ýapyk režimde başlandy we häzirki wagtda halkara derejesine çenli giňeldi. Kompaniýa akym tehnologiýasyny synagdan geçirmegi we ulanyjylaryň pikirlerini ýygnamagy dowam etdirjekdigini aýtdy.


düýn 22:06
840

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

22.06.2026 00:57
5.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....