RF-iň Prezidenti hökümet baştutanyny bellemek barada Permana gol çekdi

  • 11.05.2024 17:29
  • 23k+

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hökümet baştutany wezipesine Mihail Mişustini bellemek barada Permana gol çekdi. Bu barada Kremliň metbugat gullugy habar berýär.

“Russiýa Federasiýasynyň Konstitusiýasynyň 83-nji maddasynyň “a” punktyna laýyklykda, Mişustin Mihail Wladimirowiçi Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygy wezipesine bellemeli” – diýlip habarda aýdylýar.

Perman gol çekilen gününden güýje girýär.
Mişustin RF-iň hökümet baştutany wezipesine ikinji gezek bellenildi. Ol ilkinji gezek bu wezipäni 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda, Dmitriý Medwedewiň ikinji ministrler kabineti işinden aýrylanda eýeledi.
Mişustiniň dalaşgärligi öň Döwlet dumasy tarapyndan tassyklandy. Indi ol Prezidentiň Permany bilen resmi taýdan bellenilenden soň, ministrler we wise-premýerler wezipelerine dalaşgärleri hödürlemeli – olar hem parlamentiň aşaky palatasy tarapyndan gözden geçiriler. 


09.04.2026 19:49
7.8k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......

13.02.2026 15:31
4.9k+

Raşid Meredow we Sergeý Lawrow telefon arkaly bilelikdäki çäreleriň tertibini ylalaşdy

12-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi...

30.01.2026 18:11
1.5k+

Aşgabatda türkmen-rus syýasy geňeşmeleri geçirildi

29-njy ýanwarda Aşgabatda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi. Gepleşiklere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow we onuň russiýaly kärdeşi Mihail Galuzin gatnaşdy...

30.01.2026 18:06
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-inde Russiýa bilen strategik hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin bilen duşuşygy boldy. Taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklady...