Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirilýär: Serdar Berdimuhamedow gatnaşyjylary gutlady

  • 15.09.2022 08:29
  • 7.9k+

Şu gün Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahaty öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlag iberdi.

“Dünýä türkmenleri bilen dostlukly gatnaşyklarymyzy has-da giňeltmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biz türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlary bolan Russiýa Federasiýasy, Beýik Britaniýa, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ukraina, Türkiýe Respublikasy, Özbegistan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Owganystan, Pakistan Yslam Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany Patyşalygy we beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris” diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Döwlet Baştutany: “Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlardaky bölümleri özara doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, tutuş türkmen halkynyň bähbidi ugrunda maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär. Bu guramanyň işewür agzalary batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar” diýip bellemek bilen, täze döwürde biz bu işleriň geriminiň mundan beýläk-de giňeldiljekdigini tassyklady.

“Men birleşigiň XXIII maslahatynyň dünýä türkmenlerini has-da jebisleşdirmek, doganlyk gatnaşyklarymyzy we agzybirligimizi pugtalandyrmak, ählumumy parahatçylyga, dostluga, abadançylyga, ösüşe gönükdirilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda örän uly ähmiýete eýe boljakdygyna pugta ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutany Gutlagyny iň oňat arzuwlar bilen jemledi.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......