Alymlar Bethoweniň ölüminiň syryny açdylar

  • 11.05.2024 16:35
  • 19k+

Uzak wagtlap beýik nemes kompozitory Lýudwig wan Bethowen gurşun bilen zäherlendirilip öldürilendir diýip hasaplanýardy. Emma Clinical Chemistry žurnalynda çap edilen täze barlag munuň ölümiň ýeke-täk sebäbi bolup bilmejekdigini subut etdi diýip, Science Alert habar berýär.

Alymlar Bethowene degişli hasaplanýan iki çogdam saçyň seljermesini geçirdiler we onuň düzüminde gurşunyň ýokary mukdaryny tapdylar. Şeýle-de bolsa, bu mukdar maestronyň ölümine sebäp bolar derejede ýokary däldi. Alymlar Bethoweniň ölüminiň has ähtimal sebäbiniň çakyrdan zäherlenme we  genetiki çökgünlik bilen güýjän gepatit B ýokançlygy sebäpli ýüze çykan faktorlaryň utgaşmasydygyna ynanýarlar.
Gurşunyň Bethoweniň saglygyna täsir ýetirmegi şol döwürde adamlaryň suwuklyklary gurşun gaplardan içip, gurşun esasly dermanlary kabul edendigi bilen baglanyşyklydyr. Megerem, şol ýagdaý onuň saglygyny, şol sanda aşgazan-içege näsazlyklaryny, eşidiş ukybyny, hatda deri inçekeselini hasam erbetleşdirendir.
2023-nji ýylda geçirilen ozalky derňewde kompozitoryň deri inçekeseli bilen baglanyşykly birnäçe genetiki markerleriniň bardygy, seýrek keseliň käwagt eşidişiň ýitmegine sebäp bolup biljekdigi ýüze çykaryldy. Bethoweniň 27 ýaşynda eşidişiniň peslip başlandygy we 48 ýaşynda düýbünden ker bolandygy mälimdir. Şeýle-de bolsa, bu oňa ajaýyp sazlary ýazmaga päsgel bermändir.


düýn 12:00
3.8k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......