Amerikaly alymyň pişigi oňa eýýäm ikinji gezek näbelli bir wirusy açmaga kömek etdi

  • 17.07.2025 14:35
  • 7.1k+

Pepper atly pişik ikinji gezek öý hojaýynyna, Floridadan mikrobiolog Jon Ledniskä täze, ozal ylma belli bolmadyk wirus ştammyny açmaga kömek etdi diýip, Gizmodo habar berýär.

Pepper öýe jansyz gyzylguýruk syçany getirdi we Ledniski ony barlaghanada öwrenmek kararyna geldi. Analiz gemrijiniň Gainesville shrew mammalian orthoreovirus type 3 strain UF-1 diýlip atlandyrylan ozal näbelli ortoreowirus ştammy bilen keselländigini görkezdi.
Ortoreowiruslar adamlara we süýdemdirijilere ýokuşyp bilýär, ýöne olaryň adama täsiri doly öwrenilmedik. Seýrek ýagdaýlarda olar çagalarda ensefaliti, meningiti we gastroenteriti ýüze çykarýar. Bu wiruslar çalt mutasiýa geçirip we genetiki materiallary bilen alyş-çalyş edip, täze ştammlary döredip bilýär.

“Biz ortoreowiruslary çalt tanamagy we olara has köp üns bermegi öwrenmeli” – diýip, Ledniski aýtdy. Alymlar wirusyň adamlar we haýwanlar üçin bolup biljek howpuna baha bermek üçin ony jikme-jik öwrenmegi meýilleşdirýär. Pepperiň saglygyna wirus täsir etmedi – pişik sagdyn bolup, awlaryny getirmegini dowam etdirýär.

Birinji gezek, 2021-nji ýylyň maýynda Pepper alyma öýe keselli meýdan syçanyny getirip, ABŞ-da näbelli jeýlongwirus ştammyny ýüze çykarmaga kömek etdi. Bu öý haýwanynyň howply patogenleri ys alşy gowy bolsa gerek.


düýn 11:37
4.4k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

düýn 11:21
3.2k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

düýn 10:36
1.8k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:05
2.4k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......