Serdar Berdimuhamedow «kärizek» üzüminiň täze hasylyny ýygnamaga badalga berdi

  • 11.09.2022 16:47
  • 20k+
Serdar Berdimuhamedow «kärizek» üzüminiň täze hasylyny ýygnamaga badalga berdi

10-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýanynda ýerleşýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligine degişli bagçylyk we üzümçilik meýdanyna baryp gördi.

Üzüm ösdürilip ýetişdirilýän ýerde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdirliginiň başlygy Ç.Amanow bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we üzümiň täze hasylyny ýygnamak işlerine taýýarlygyň derejesi barada hasabat berdi.
Müdirligiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, üzümiň Kärizek atly görnüşi hasyla durdy. Ç.Amanow bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanyndan «kärizek» üzüminiň täze hasylyny ýygnamaga badalga bermegini haýyş etdi.
Serdar Berdimuhamedow üzümiň täze hasylyndan ýygyp, onuň köpçülikleýin ýygnalmagyna ak pata berdi.
Şeýle hem bu ýerde döwlet Baştutanynyň garamagyna müdirligiň üzümçilik meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän üzümleriň görnüşleri görkezildi. Bu ýerde üzümiň 10 görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Olar Kärizek, Şaserpaý, Taýfy, Rowaç, Türkmen-içkimar, Sary kişmiş, Sagdäne, Garrygala, Akdäne, Gyzyl üzüm ýaly görnüşlerden ybaratdyr.
Belläp geçsek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirliginiň synag meýdançasynda üzümiň milli daýhançylyk däpleriniň we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň utgaşdyrylmagynda täze döredilen bu görnüşine «Kärizek» adyny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dakdy.


18.11.2024 23:30
9.8k+

Ýagyşly howa dowam edýär. Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (18.11 - 24-11)

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +2... +4 gradusdan +6... +8 gradus aralygynda, gündizlerine +11... +13 gradusdan +15... +17 gradus aralygynda maýyl bolar...

16.11.2024 08:53
9.3k+

2024-nji ýylyň ýaz-güýz möwsümlerinde Türkmenistanyň nirelerinde arheologik işler geçirildi?

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde alnyp barlan arheologik gazuw-barlag we rejeleýiş işleriniň...

13.11.2024 12:09
5.6k+

Serdar Berdimuhamedow «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň açylyşy bilen gutlady

Aşgabat şäherinde «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly açyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki halklaryň köpdürli medeniýetiniň, şeýle hem ruhy taýdan ýakynlygynyň kämilleşmegine özboluşly goşant goşjak...

11.11.2024 21:56
19k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (11.11 - 17.11)

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +1... +3 gradusdan +7... +9 gradus aralygynda, gündizlerine +10... +12 gradusdan +16... +18 gradus aralygynda...