Serdar Berdimuhamedow “Gazpromyň” ýolbaşçysy bilen energetika meselelerini maslahatlaşdy

  • 30.08.2022 09:55
  • 17k+

29-njy awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi. Ol  döwlet Baştutanyna Prezident Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi hem-de öz ýolbaşçylyk edýän iri energetika kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Döwlet Baştutany we “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy bar bolan köpýyllyk oňyn tejribäni, uly mümkinçilikleri hasaba almak bilen, geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň kompaniýasy tarapyndan hereket edýän şertnama boýunça türkmen gazyny satyn almak we bu ulgamda uzak möhleti nazarlaýan hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunda energiýa serişdelerini çykarmak bilen bir hatarda, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegini ugur edinýän gaz we nebithimiýa senagatynyň kuwwatynyň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde “ýaşyl” energetikanyň ösdürilmegi, ekologik taýdan arassa, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň iş ýüzünde peýdalanylmagy möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi.
Türkmenistan özüniň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň täze teklipleri üçin hemişe açykdyr we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny goldamaga taýýardyr. Şeýle-de Russiýanyň kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarly boljakdygy nygtaldy.


düýn 18:22
2.6k+

Türkmenistan Abu-Dabide ADIPEC-2025 halkara sergisinde nebitgaz mümkinçiliklerini tanyşdyrdy

3-6-njy noýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference» (ADIPEC-2025) halkara nebitgaz sergisi we maslahaty geçirildi. Foruma Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G...

25.10.2025 14:25
4.9k+

CNPC «Galkynyş» käniniň 4-nji tapgyryny 2026-njy ýylyň başynda özleşdirmäge girişer

Hytaýyň nebitgaz korporasiýasy (CNPC), Türkmenistanyň iň iri tebigy gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň 4-nji tapgyryny 2026-njy ýylyň başlarynda başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2025 halkara forumynda aýtdy...

23.10.2025 12:23
1.7k+

OGT-2025 halkara sergisiniň we maslahatynyň birinji gününiň netijeleri

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahat we sergi öz işine başlady...

22.10.2025 10:24
5.5k+

Aşgabatda 30-njy gezek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlaýar

Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahaty we sergi öz işine başlaýar. Şu mynasybetli foruma gatnaşyjylary Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlady. Her ýyl geçirilmegi asylly...