Прогноз погоды в Туркменистане на неделю (29.08 — 04.09)

  • 29.08.2022 00:00
  • 29k+

Türkmenistanda güýzüň ilkinji günleri termometriň sütünjigi +40 derejeden ýokaryny görkezer diýip, howa maglumaty gullugy çaklaýar. Ýurt boýunça hepdäniň ortaça temperaturasy, geçen hepde bilen deňeşdirilende, bäş dereje ýokary bolar.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda hepdäniň ortaça temperaturasy, geçen hepde bilen deňeşdirilende, bäş dereje ýokary, ýagny +37 derejede bolar. Duşenbe özi bilen +35 dereje, sişenbe +36 dereje, çarşenbe +37 dereje yssyny getirer.
Penşenbe we anna günleri temperaturanyň +38 dereje bolmagyna garaşylýar. Şenbe güni howanyň +39 derejä, ýekşenbe güni bolsa +40 derejä çenli gyzmagy mümkin

Balkan welaýatynda hepdäniň ortaça temperaturasy, geçen ýedi gün bilen deňeşdirilende, bäş dereje ýokary, ýagny +39 dereje bolar. Howa maglumaty gullugy temperatura duşenbe güni +37, sişenbe güni +38, çarşenbe güni +39 dereje bolar diýip çaklaýar. Penşenbe güni howa +41 derejä çenli gyzar we hepdäniň ahyryna çenli şol ýagdaýda saklanar.

Daşoguz welaýatynda hepdäniň ortaça temperaturasy, geçen hepde bilen deňeşdirilende, alty dereje ýokary, ýagny +38 dereje bolar. Duşenbe we sişenbe günleri özi bilen +36 dereje yssyny getirer. Çarşenbe güni  howanyň +37 derejä çenli, penşenbe güni bolsa +38 derejä çenli yssy bolmagyna garaşylýar.
Howa maglumaty gullugy anna güni howa +39 derejä çenli gyzar diýip çaklaýar. Temperatura şenbe güni +40 dereje töwereginde bolar. Ýekşenbe güni bolsa howa +41 derejä çenli gyzar.  

Mary welaýatynda hepdäniň ortaça temperaturasy, geçen ýedi gün bilen deňeşdirilende, dört dereje ýokary, ýagny +38 dereje bolar. Duşenbede howanyň +36 dereje bolmagyna garaşylýar. Sişenbe güni howanyň +38 derejä çenli gyzmagy mümkin we anna gününe çenli şol ýagdaýda saklanar. Dynç günleri termometriň sütünjigi +40 derejäni görkezer.

Lebap welaýatynda hepdäniň ortaça temperaturasy, geçen ýedi gün bilen deňeşdirilende, dört dereje ýokary, ýagny +38 dereje bolar. Duşenbe we sişenbe günleri howanyň +37 dereje bolmagy mümkin. Çarşenbe güni temperatura az salymlyk aşaklap, +36 dereje bolar. 
Penşenbede we annada temperatura +38 derejä çenli bolar. Şenbe güni howanyň +40 derejä çenli gyzmagy mümkin, ýekşenbe güni bolsa +41 derejä çenli yssy bolmagyna garaşylýar.


09.03.2026 15:25
16k+

Мокрый снег и ночные заморозки до -10 °C ожидаются в Туркменистане

В Туркменистан проникает влажный холодный воздушный поток. Погода на местах похолодает до -10 градусов, говорится в прогнозе погоды от Службы по гидрометеорологии Министерства охраны окружающей среды. Балканский велаят: Переменная облачность, в первой половине недели дождь с мокрым снегом...

06.03.2026 19:12
104k+

Чистейшая вода из недр земли: Sarwan предлагает новый стандарт питьевой воды

На рынке питьевой воды в Ашхабаде начал работу новый бренд — Sarwan. Компания специализируется на добыче и доставке артезианской воды. Основой продукции Sarwan является вода, добываемая из глубоких подземных скважин...

02.03.2026 09:55
11k+

Неделя будет дождливая: прогноз погоды на неделю в Туркменистане

Синоптики из Службы по гидрометеорологии Министерства охраны окружающей среды Туркменистана предоставили прогноз погоды на текущую неделю в стране: Балканский велаят: Переменная облачность, в первой половине недели дожди...

16.02.2026 09:59
12k+

Почти лето в середине февраля и предвесенние дожди: прогноз погоды на неделю

Служба по гидрометеорологии Министерства охраны окружающей среды Туркменистана предоставила прогноз погоды на текущую неделю. Балканский велаят: Переменная облачность. В начале недели и во второй половине ожидаются дожди...