Awazada täze «Rowaç» kottejler toplumy ulanmaga berildi

  • 01.08.2022 12:40
  • 21k+

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa şu günden dynç alşa çykan Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berdi.

Habar berlişi ýaly, dabaranyň geçirilýän ýerinde döwlet Baştutanyny Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Balkan welaýatynyň häkimi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy garşylady. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan ýörite taýýarlanan joşgunly aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow täze gurlan «Rowaç» kottejler toplumynyň toý bagyny kesip, onuň hyzmat ediş merkezinde, kottejlerde, ýanaşyk deňiz kenarynda raýatlaryň göwnejaý dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.
Ýeri gelende bellesek, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Sabyrly maşgala» hususy kärhanasynyň, «Kent gurluşyk» hem-de «Güneşli deňiz» hojalyk jemgyýetleriniň buýurmalary esasynda gurlan täze toplum häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän 2 gatly kottejleriň 48-sini özünde jemleýär. Umumy meýdany 10 gektara deň bolan kottejler toplumynyň gurluşygyna geçen ýylyň ýanwarynda badalga berildi. Onuň açylmagy bilen, 200-e golaý täze iş orny döredi. Toplumyň çägindäki standart, maşgala we lýuks görnüşli 10, 16, 18 otagly kottejlerde dynç almaga gelýän raýatlar üçin ähli zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr.


şu gün 11:16
785

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

düýn 16:11
1.5k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....

düýn 14:36
2.5k+

Şu gün dünýäde we Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär

Tomsuň ilkinji güni bolan 1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda parahatçylygyň, ýagşylygyň we ýylgyryşyň baýramy bolan Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär....

düýn 14:04
2.4k+

«Türkmenhaly» halyçylyk senediniň ösüşindäki goşandy üçin TÜRKSOÝ-yň diplomyny aldy

Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi türki dünýäde halyçylyk senedini ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite diplomyna mynasyp......