Habib bedeniňi sagdyn saklamak boýunça maslahatlaryny berdi

  • 29.07.2022 16:19
  • 30k+

UFC-niň ýeňil agramdaky (70 kg çenli) öňki çempiony we «Şöhrat zalynyň» agzasy Habib Nurmagomedow öz sosial torlarynda bedeniňi fiziki taýdan işjeň saklamak üçin zerur maşklaryň sanawyny paýlaşyp, täze post goýdy. 

"Her gün. Zalda 60 minutlyk kardio. 20 minut - ýöremek. 20 minut - ylgamak. 20 minut - welosiped. Beden şulara mätäç. Ýaltanmaň" - diýip, Habib ýazýar.

Habib Nurmagomedowyň 2020-nji ýylyň oktýabrynda UFC 254 turniriniň ikinji tapgyrynda "üçburçluk" diýlip atlandyrylýan demirdiriji emeli ulanyp, amerikaly Jastin Getjiden üstün çykandygyny ýatladýarys. Tutluşykdan soň pälwan karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Onuň hasabynda 29 sany garyşyk başa-baş söweşde gazanylan 29 ýeňiş , şol  sanda UFC-niň 13 ýaryşynda gazanylan 13 ýeňiş bar.


şu gün 08:32
6.4k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 15:55
8.7k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
8.7k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 14:57
4.6k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....