Russiýa Türkmenistana maýmyn mama keselini anyklamak üçin niýetlenen test-ulgamlaryny gowşurdy

  • 27.07.2022 19:28
  • 41k+

Russiýa GDA ýurtlarynyň birnäçesine maýmyn mama keselini ýüze çykarmak üçin niýetlenen test-ulgamlaryny gowşurdy.

Russiýanyň sarp edijileriň hukuklaryny goraýan gözegçilik edarasynyň Metbugat gullugyna salgylanyp, Praým agentliginiň habar bermegine görä, «Test-ulgamlary Russiýanyň sarp edijileriň hukuklaryny goraýan gözegçilik edarasy tarapyndan Ermenistana, Gazagystana, Özbegistana we Türkmenistana berildi».
Bellenilişi ýaly, testler «Wektor» ylmy merkezi tarapyndan dessin tertipde taýýarlanyldy. Häzir synag işleri Russiýanyň raýatlaryna ýurduň ähli sebitlerinde elýeterlidir.
Iýul aýynyň ahyryna çenli Russiýa testleri, şeýle hem Uganda, Efiopiýa hem-de Kongo Respublikasyna berer diýip, edarada habar berdiler.
Ozal, BSGG-niň ýolbaşçysy Tedros Gebreýesus maýmyn mama keseliniň ýaýramagyna saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý hökmünde baha berdi.
Russiýanyň sarp edijileriň hukuklaryny goraýan gözegçilik edarasynyň maglumatlaryna görä, adaty mama keseliniň garşysyna ozal alnan sanjymlar maýmyn mama keseliniň agyr geçmeginiň töwekgelçiliklerini peseldýär.


düýn 17:46
1.2k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

düýn 15:54
2.3k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.7k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
4.9k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......