BSGG maýmyn mamasynyň ýaýramagy sebäpli gyssagly mejlis çagyrmakçy

  • 08.07.2022 18:17
  • 35k+

BSGG-niň ýolbaşçysy Tedros Adhanom Gebreýesus adamlaryň arasynda maýmyn mamasynyň ýaýramagy bilen bagly alada galýar we 18-nji iýulda başlajak hepdäniň dowamynda bu mesele boýunça gyssagly mejlis çagyrmakçy bolýar. Bu barada “Le Figaro” habar berýär diýip, interfax.ru belleýär.

“Maýmyn mamasynyň gerimi we ýaýramagy meni henizem alada goýýar” – diýip, “Le Figaro” Gebreýesusyň sözlerini getirýär. 

Şunuň bilen baglylykda, BSGG-niň ýolbaşçysy çökgünligiň derejesine baha bermek üçin adatdan daşary mejlisiň çagyryljakdygyny mälim etdi, ol 18-nji iýulda başlajak hepdäniň dowamynda geçiriler diýip, gazet ýazýar. 
Gebreýesus häzirki wagtda 58 ýurtda 6 müňden gowrak kesel hadysasynyň hasaba alnandygyny belledi.
Maýmyn mamasy – Merkezi we Günbatar Afrikanyň uzak sebitlerinde ýaýran seýrek duş gelýän ýokanç kesel. Onuň alamatlary – ýürekbulanma, temperatura, örgün, gijelewük we myşsalarda agyry. 


düýn 11:31
3.4k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......