Raşid Meredow we ABŞ-nyň ilçisi Metýu Klimow birnäçe taslamalary maslahatlaşdylar

  • 06.07.2022 07:46
  • 10k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçisi Metýu Stiwen Klimow 5-nji iýulda geçiren duşuşygynda häzirki zaman halkara we sebit ähmiýetli birnäçe mowzuklar boýunça  pikir alyşdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler aýratyn hem howpsuzlyk bilen baglanyşykly birnäçe taslamalara seretdiler. Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň Ilçisi iki döwletiň arasyndaky syýasy geňeşmeler işiniň netijeliligini mälim edip, bu ugruň ösdürilmegine taýýardygyny bellediler.
Duşuşygyň dowamynda ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri kesgitlenilip, şol sanda türkmen-amerikan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ugurlaryna aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri medeni mirasy gorap saklamak boýunça ABŞ-nyň Ilçiniň Gaznasyna Türkmenistanyň täsin taryhy mirasyny gorap saklamak boýunça  goşan goşandyna we onuň alyp barýan işine ýokary baha berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn bilim ulgamy boýunça maksatnamany durmuşa geçirmegiň ugurlaryna giňişleýin seredildi. 


şu gün 18:46
1.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda «Älem.AI» emeli aň merkezine baryp gördi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystana amala aşyrýan döwlet saparyny 25-nji noýabrda günüň ikinji ýarymynda «Älem.AI» halkara emeli aň merkezine baryp görmek bilen jemledi diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär...

şu gün 18:40
1.3k+

Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň«Altyn Bürgüt» ordeni bilen sylaglandy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň ýokary döwlet sylagy — «Altyn Bürgüt» (Altyn Kyran) ordeni bilen sylaglandy. Dabara Astanada ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşikleri tamamlanandan soňra geçirildi diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär...

şu gün 18:31
1.3k+

Astanada türkmen-gazak gepleşikleriniň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Astanada Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. "Türkmenistan" gazetiniň habar bermegine görä, «Akorda» köşgüniň dabaralar otagynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary dabaraly ýagdaýda Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular...

şu gün 17:59
840

Serdar Berdimuhamedow Astanada Kasym-Žomart Tokaýew bilen gepleşikleri geçirdi

Şu gün, 25-nji noýabrda Astanada döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Akorda» köşgünde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, ikiçäk we giňeldilen düzümde türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi...