Serdar Berdimuhamedow VI Hazar sammitiniň ähmiýetine üns çekdi

  • 25.06.2022 12:45
  • 10k+

24-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Aşgabatda 29-njy iýunda geçirilmegi meýilleşdirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitini geçirmegiň maksatnamasyny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Hazar deňzinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, sebit ähmiýetli wajyp meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda möhüm orun eýeleýär. Aşgabat sammitiniň gün tertibine ileri tutulýan ugurlarda netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň toplumy giriziler.
Şeýle hem forumyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. 28-nji iýunda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň mejlisi hem sammite görülýän taýýarlyk meselelerine bagyşlanar.
Döwlet Baştutany hödürlenen maksatnamany makullap, VI Hazar sammitiniň möhümdigine ünsi çekdi hem-de Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça ileri tutulýan meseleleri çözmäge saldamly goşant goşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine döwletara hyzmatdaşlyga täze itergi berjek Aşgabat sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi hem-de belent mertebeli myhmanlaryň halkymyzyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşy alynmagyny tabşyrdy.


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......